Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostlukly saparynyň dowamynda dünýäniň iň iri teleýaýlymlarynyň biri bolan Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna giňişleýin müsahibe berdi.
Şol söhbetdeşlikden bir bölegi dykgatyňyza ýetirýäris:
Gündogar müçenamasy boýunça 2026-njy ýyl bedew ýylydyr. Biziň ýurdumyzda şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» şygary astynda geçýär. Men bu barada ýöne ýere aýtmaýaryn. Sebäbi atlar, behişdi bedewler türkmen we hytaý halklarynyň bilelikdäki taryhy mirasynyň nyşanlarynyň biridir.
Baryp biziň zamanamyzdan ozalky II asyrda türkmen halkynyň Hytaýyň imperatoryna behişdi bedewleri — şöhratly ahalteke atlaryny sowgat berendigi mälimdir. Munuň özi möhüm dostlukly diplomatik we strategik wakadyr.
Atçylygyň hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugruna öwrülmegi üçin uly mümkinçilik bar.
Hytaý atşynaslary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup durýarlar. Biziň döwlet Baştutanymyz bu assosiasiýanyň Prezidentidir. Biz hytaý atşynaslaryny şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek çärelere çagyrýarys.