«ORIENTIR» awtorlyk makalanyň täze sanynda belli publisist we bilermen Bekdurdy Amansaryýew «energetika heläkçiligi» hem-de Ormuz bogazyndan sowa geçýän alternatiw ýollaryň netijesiz gözlegleri şertlerinde, näme üçin hut Bitarap Türkmenistanyň strategiýasynyň ygtybarlylyk nusgasyna öwrülýändigini seljerýär. Hyzmatdaşlygyň syýasy meýillerden nähili üstün çykýandygy we Merkezi Aziýanyň gury ýer «köprüleriniň» näme üçin şu gün islendik dünýä walýutasyndan has ähmiýetlidigi barada — biziň makalamyzda okap bilersiňiz.
Dünýä energetikasynyň taryhyndaky iň dartgynly hepdäniň biri tamamlanýar. Soňky sagatlaryň wakalary — Kataryň Ras-Laffanyna we Eranyň Günorta Parsyna urlan zarbalardan başlap, “Türk akymy” hem-de “Mawy akym” turba geçirijilerine edilen hüjümlere çenli — ählumumy bazary doly näbellilik zolagyna öwürdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmündäki garaýyşy, ähli gapma-garşy taraplaryň meseleleri diňe parahatçylykly ýol bilen, syýasy-diplomatik gurallary ulanmak arkaly çözmelidigini anyk göz öňünde tutýar.
Emma dünýä suwuklandyrylan tebigy gazyň dünýäniň eksportynyň bäşden bir bölegine golaýynynyň ýitirilmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kataryň we Eranyň infrastruktura desgalaryna urlan köpçülikleýin zarbalar öndürijileri guýulary we zawodlary heläkçilikli konserwasiýa etmek prosesine başlamaga mejbur etdi.
Bu gaty çylşyrymly tehnologiki proses bolup, ony bir hepdede, hatda aýlar dowamynda-da yzyna öwrüp bolmaz. Şeýle ägirtleriň işini täzeden dikeltmek uzak wagty alyp biler, bu bolsa gazyň bahasynyň çendenaşa ýokary boljakdygyna kepil geçýär. Bu bolsa ýer şarynyň ähli ilatynyň diýen ýaly durmuş derejesine otrisatel täsir eder. Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň turba geçiriji ulgamy sebit üçin kadaly durmuşly ýeke-täk ygtybarly köprä öwrülýär.
Dünýä sarp edijileri gyssagly durnuklaşdyrmak taktikasyyna geçdiler. Halkara energetika agentliginiň ýolbaşçysy Fatih Birol, HEA-na agza döwletleriň zerurlyk ýüze çykanda strategiki gorlardan bazara goşmaça möçberleri çykarmaga taýýardygyny tassyklady.
ORIENT-iň ýazyşy ýaly, energiýa göterijileriň bahasyny saklap galmak üçin ätiýaçlyk gorlaryň eýýäm 30%-e golaýy ulanyldy. Şunlukda, Halkara energetika agentligi bazara kesgitli çäreleri görmäge taýýardygy barada yşaraty berýär, emma nebitiň galan 70% strategiki ätiýaçlygy şeýle giň gerimli ýagdaýda iki hepdeden hem az wagta niýetlenendir.
Bu ugry Waşington hem goldaýar — Donald Trampyň administrasiýasy ählumumy derejede gytçylygyň öňüni almak üçin Russiýanyň nebitiniň satyn alynmagyna wagtlaýyn rugsat berip, pragmatik ädim ätdi. Bu bolsa krizis şertlerinde hakyky serişdeleriň syýasy maksatlardan has möhümdiginiň ýene bir subutnamasydyr.
Tramp «bahalaryň oduny öçürmek» üçin administrasiýanyň sanksiýalaryň bir bölegini aýyrýandygyny mälim etdi. Brent nebitiniň bahasy $120 sepgitden geçensoň, ählumumy gytçylygyň hakyky howpy ýüze çykdy.
Russiýa, edil Türkmenistan ýaly, ählumumy energetika howpsuzlygyň sütünidir. Hatda ABŞ hem bu möçberler bolmasa, dünýä ykdysadyýetiniň ýaşap bilmejekdigini ykrar etdi. Eger-de bu ädim ädilmedik bolsa, köp döwletleriň awto ulaglara ýangyç guýujy bekletlerinde bir litr benziniň bahasy elýeterlilik çäginden has uzaklara çykyp bilerdi.
Türkmenistan üçin goňşularyndan çäklendirmeleriň aýrylmagy gowy alamatdyr. Bu dünýädäki we sebitdäki umumy dartgynlygy bölekleýin gowşadýar hem-de biziň döwrümizde gury ýer ugurlarynyň we durnukly üpjünçiligiň iň ýokary dünýä walýutasydygy baradaky hemişelik pikirini tassyklaýar.
Ormuz bogazyna alternatiw ugurlar baradaky mesele Er-Riyaddaky gyssagly maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle ugurlar hakykatdan-da bar, ýöne olar ummany öýdäki kranyň agzyndan geçirmäge synanyşyga meňzeýär.
Saud Arabystanynyň esasy umydy “Gündogar – Günbatar” (Petroline) turba geçirijisidir. Bu, hakykatdan-da, tutuş sahralygy kesip geçip, Gyzyl deňizdäki Ýanbu portuna çenli çekilen ägirt uly turbadyr. Onuň taslama kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 5 million barrele ýetýär. Bu, elbetde, täsirli möçberler, ýöne gabalan Ormuz arkaly her gün 20 million barrel geçýärdi. Ýagny, turba Saud Arabystany Patyşalygynyň eksportynyň diňe dörtden bir bölegini halas edip biler.
Birleşen Arap Emirlikleri nebiti Ormuz bogazynyň daşyndan aýlap, Abu-Dabi turba geçirijisi arkaly köp ugurly Fujeýra portuna akdyryp bilerler. Ol BAE-niň gündogar kenarynda, Oman aýlagynda, ýöne Ormuz bogazynyň daşynda ýerleşýär. Emma bu ýerde-de şol bir mesele — nebit geçirijiniň kuwwaty bary-ýogy 1,5 million barrel. Emirlikleriň içki zerurlyklary üçin bu halas ediji halkadyr, ýöne dünýä bazary üçin — gaty ujypsyz mukdardyr.
Gury ýer awtosisterna kerwenlerini ulanmak görnüşi hem bar. Ol nebiti uly göwrümli ýük awtoulaglary arkaly çölüň içinden Omanyň we Gyzyl deňziň portlaryna köpçülikleýin gatnatmakdan ybaratdyr. Ýöne munuň durmuşa geçirilmegi örän gymmat taslamadyr — şeýle logistikanyň bahasy tanker daşamalaryndan 5-7 esse ýokarydyr. Ýokary bahadan başga-da, ýükleri daşamagyň tizligi gaty haýal bolar we serhetlerde ägirt uly dyknyşyklary döreder.
Netijede, Aýlag sebitiniň arap döwletleri gabalan Ormuza alternatiwa gözleýän wagtynda, nebiti jokrama çöli kesip geçýän gury ýer ýollary arkaly Gyzyl deňze daşamaga synanyşýarlar, emma şeýle logistikanyň bahasy çendenaşa ýokary bolanlygy sebäpli, energiýany gymmatbahaly zada öwürýär. Onuň aňyrsynda bolsa, öň aýdylyşy ýaly, tutuş adamzadynyň abadan durmuşy dur.
Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň gury ýer energetika köprüleri ygtybarlylyk nusgasy bolup görünýär. Beýlekiler diňe ugurlaryň howpsuzlygy barada arzuw edýän wagtynda, sebit olar arkaly gowy ýola goýlan takyklykda işleýär.
Bu üstünliklere, beýleki köp sanly netijelere, ýurduň hemişelik Bitaraplyk syýasaty arkaly ýetildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumda eden çykyşynda şeýle belledi:
“Häzirki wagtda dünýä dürli ýagdaýlar bilen baglanyşykly çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Şunda ähli jogapkärli, sagdyn, parahatçylyk söýüji güýçleriň jebisleşmegi, olaryň agzybirligi hem-de çylşyrymly ýagdaýlara, howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasynyň bozulmagyna howp salýan wehimlere garşy durmaga taýýarlygy ozalkylardan has zerurdyr. Türkmenistan häzirki wagtdaky dünýä meselelerine durmuşa ukyply, hakyky ýagdaýa görä çemeleşilmegi üçin ýeke-täk serişde hökmünde dialog esasynda parahatçylyk we ynanyşmak başlangyjyny öňe sürmek bilen, syýasatyň we diplomatiýanyň, jemgyýetçilik pikiriniň, taryhy tejribäniň, toplanan ynsanperwer, medeni mirasyň ähli mümkinçiliklerini has işjeň we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyndan ugur alýar”
Şunlukda, ynamyň sarsdyrylýan, gapma-garşylygyň bolsa güýjeýän döwründe Türkmenistanyň nusgasy, döwletiň diňe bir gapma-garşylyklardan gaça durman, eýsem düşünişmezlikleri ýeňip geçmek we dialog üçin şertleri döretmek ugrunda nädip işjeň işläp biljekdiginiň amaly nusgasyny hödürleýär. Ynamy şeýle işjeň we öňünden pugtalandyrmak – halkara dartgynlygy gowşatmak boýunça giň gerimli tagallalarda ulanylyp bilinjek esasy «sapakdyr»...
