Bäherdende ýerleşýän “Eziz doganlar keramika” önümçilik kärhanasy maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň başlygy wezipesine boş iş ornuny yglan etdi.
Kompaniýanyň bellemegine görä, hünärmen kärhanany materiallar, enjamlar we beýleki serişdeler bilen üpjün etmek işlerini guramak, şeýle hem önümçilik bölümlerini iş üçin zerur bolan ähli serişdeler bilen üznüksiz üpjün etmek üçin jogapkär bolar.
Esasy borçlar
• kompaniýanyň maddy-tehniki üpjünçilik işlerini guramak we utgaşdyrmak;
• bölümleriň materiallara we enjamlara bolan zerurlyklaryny meýilleşdirmek;
• üpjün edijileri gözlemek we olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak;
• gepleşikleri geçirmek we üpjünçilik şertlerini ylalaşmak;
• getirilýän materiallaryň üpjünçilik möhletlerini we hilini gözegçilikde saklamak;
• beýleki bölümler bilen hyzmatdaşlyk edip, olaryň zerurlyklarynyň wagtynda üpjün edilmegini gazanmak;
• satyn alynýan materiallaryň we serişdeleriň hasabatyny gözegçilikde saklamak;
• üpjünçilik işleriniň kämilleşdirilmegine gatnaşmak.
Dalaşgäre bildirilýän talaplar
• ýokary ýa-da orta hünär bilimi;
• üpjünçilik, satyn alyş ýa-da logistika ulgamynda iş tejribesi artykmaçlyk hasaplanýar;
• işewürlik gatnaşyklaryny alyp barmak we gepleşik geçirmek başarnygy;
• jogapkärçilik, ünsli bolmak we guramaçylyk ukyby;
• kompaniýanyň dürli bölümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek ukyby.
Dil bilimi
• türkmen we rus dilleri — erkin;
• iňlis we türk dilleri — artykmaçlyk hasaplanýar.
Şertler
Kompaniýa durnukly önümçilik kärhanasynda iş, bäsdeşlikli zähmet haky, ýola goýlan iş prosesleri we hünär taýdan ösüş mümkinçiliklerini hödürleýär.
Saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin şu baglanyşyk boýunça formany doldurmaly: https://forms.gle/6AVEahpfWhVBQ2Br5
