MIWE kompaniýasy Garahan şäherçesinde ýerleşýän ýyladyşhana toplumynyň baş inženeri wezipesi boýunça boş iş ornuny yglan etdi. Hünärmen ýyladyşhana toplumynyň inženerçilik ulgamlarynyň işine jogapkär bolup, olaryň durnukly işlemegini üpjün eder.
Kompaniýanyň bellemegine görä, olar tehniki pikirlenmesi bolan we amaly iş tejribesi bar bolan hünärmeni gözleýär. Bu hünärmen enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik edip, tehniki işgärleriň işini utgaşdyrmagy başarmalydyr.
Esasy borçlar
• ýyladyşhana toplumynyň inženerçilik ulgamlarynyň işine gözegçilik etmek;
• enjamlaryň durnukly işlemegini üpjün etmek;
• tehniki işgärleriň işini guramak we utgaşdyrmak;
• enjamlaryň tehniki ýagdaýyna we wagtynda hyzmat edilmegine gözegçilik etmek;
• tehniki meseleleriň çözülmegine we ulgamlaryň kämilleşdirilmegine gatnaşmak;
• zerur ýagdaýlarda potratçylar we üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek.
Dalaşgäre bildirilýän talaplar
• ýokary ýa-da orta tehniki bilim;
• tehniki ýa-da inženerçilik ugrunda iş tejribesi;
• inženerçilik ulgamlarynyň we enjamlaryň işleýşine düşünmek;
• jogapkärçilik we tehnika ünsli çemeleşmek;
• işi guramak we tehniki meseleleri çözmek başarnygy.
Şertler
Kompaniýa durnukly guramada iş, bäsdeşlikli zähmet haky we hünär taýdan ösüş mümkinçiliklerini hödürleýär.
Saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin şu baglanyşyk boýunça anketa doldurmaly: https://forms.gle/kNw9UFPDzRuMnb7y9
