Türkmenistanda nobatdaky ynsanperwerlik çäresi mukaddes Gadyr gijesine bagyşlandy. 13-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 336 adam mundan beýläk jeza çekmekden boşadyldy.
Döwlet Baştutany hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow maşgalalaryna dolanmagyň — bu täze durmuşa başlamak üçin bir mümkinçilikdigini, öz ýurduňa halal we ruhubelent zähmet bilen peýda getirmelidigini nygtady.
Gadyr gijesiniň öň ýanynda günä geçilmegi çuňňur simwoliki mana eýedir. Ol ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet üçin bu ädim agzybirligi pugtalandyrmagyň hem-de öz günäsini Watanymyzyň bähbidine döredijilikli zähmet bilen ýuwmaga taýýar bolan raýatlary goldamagyň subutnamasydyr.
