Lissabon şäherinde Portugaliýa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguronyň wezipesine girişmegi mynasybetli resmi dabaralar geçirildi. Dabaraly çärelere Türkmenistanyň Ilçisi Maksat Çaryýew gatnaşdy.
Respublika Assambleýasynyň binasynda geçirilen wezipä girişmek mynasybetli dabara ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylygyny we daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Ažuda Milli köşgünde geçirilen resmi kabul edişligiň dowamynda türkmen diplomatynyň döwletiniň täze Baştutany bilen gysgaça söhbetdeşligi boldy. Ilçi Maksat Çaryýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Antoniu Žoze Seguro gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi."
Duşuşygyň möhüm netijesi Antoniu Žoze Seguronyň döwletara dialogy ösdürmäge bolan meýli baradaky beýanaty boldy. Türkmen tarapyndan goldaw sözlerini hoşallyk bilen kabul edip, Portugaliýanyň täze lideri geljekde Türkmenistana sapary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.
Taraplar şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň geljegini we Aşgabat bilen Lissabonuň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
