6-njy martdan 15-nji marta çenli Italiýa dünýä sportunyň merkezine öwrülip, bu ýerde XIV Gyşky Paralimpiýa oýunlary geçiriler. Bäsleşikler Milan, Kortina-d’Ampezzo we Wal-di-Fiemme şäherlerinde geçiriler. Oýunlaryň açylyş dabarasy Weronadaky meşhur gadymy arenada geçiriler. Paralimpiýa hereketiniň watany hasaplanýan Beýik Britaniýanyň Stok-Mandewill obasynda bolsa däp boýunça Oýunlaryň ody ýakyldy.
Sport maksatnamasy we gatnaşyjylar
Oýunlara 50 ýurtdan takmynan 650 türgen gatnaşar. Olar sportyň alty esasy görnüşi boýunça jemi 79 medal toplumy ugrunda bäsleşerler. Bu görnüşlere dag lyžasy, snoubording, buz hokkeýi, lyža ýaryşlary, biatlon we arabaly kerling girýär. Şu ýyl kerling sportynda ilkinji gezek garyşyk jübütleriň ýaryşlarynyň geçirilmegi aýratyn üns çekýär.
Paralimpiýa hereketi örän çalt ösýär. 1976-njy ýylda Şwesiýada geçirilen ilkinji Gyşky Paralimpiýa oýunlaryna 200-den hem az türgen gatnaşypdy. Häzirki wagtda olaryň sany üç esseden gowrak köpeldi.
Ösüş we goldaw
Häzirki zaman Paralimpiadasy diňe bir sport däl, eýsem ol deň mümkinçilikleriň nyşanydyr. Soňky ýyllarda türgenlere berilýän maliýe goldawy hem ep-esli ýokarlandy. Mysal üçin, birnäçe Ýewropa ýurtlarynda Paralimpiýa medal eýelerine häzirki wagtda adaty Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijilerine berilýän sylaglary berilýär. Bu bolsa ýaryşlaryň ýokary professional derejesini hem-de türgenleriň üstünlikleriniň döwlet derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.
Oýunlaryň missiýasy
Halkara Paralimpiýa komitetiniň prezidenti Endrýu Parsons bu çäräniň esasy maksadynyň dünýäde maýyplygy bolan adamlara garaýşy üýtgetmekdigini belleýär. Tomaşaçylar üçin bu 10 gün çäksiz erkiň we batyrlygyň hakyky sapagy bolar. Gatnaşyjylaryň ussatlygy adam erkiniň islendik fiziki päsgelçilikleri ýeňip geçip bilýändigini subut edýär we olaryň her çykyşyny täsirli hem ruhlandyryjy tomaşa öwürýär.
ORIENT
