5-nji martda Brýusselde, Ýewropa Parlamentinde ÝB–Türkmenistan formatyndaky 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, Merkezi Aziýanyň sebit gün tertibini, halkara ýagdaýy, şeýle hem hukugyň hökmürowanlygy we durmuş syýasaty bilen bagly temalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary girip, olara Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Maksat Kulyýew ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa Parlamentiniň tarapyndan bolsa duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary boýunça Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň (DCAS) ýolbaşçysy Juzeppina Prinçi ýolbaşçylyk etdi.
Iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de halkara gün tertibi boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýewrodeputatlar dünýäde dowam edýän dartgynlylygyň şertlerinde ÝB bilen Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini bellediler. Şeýle-de ykdysadyýet we energetika ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem bilim we ylmy maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.
Türkmen tarapy bolsa durnukly ösüş, energetika, ekologiýa meseleleri hem-de täzelenýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny giňeltmek bilen baglanyşykly milli ileri tutulýan ugurlar we amala aşyrylýan başlangyçlar barada durup geçdi. Şeýle-de ulag arabaglanyşygyň ähmiýeti hem-de Türkmenistanyň halkara üstaşyr-logistika ugurlarynyň kemala gelmegindäki geostrategik ornuna aýratyn üns çekildi. Bu babatda sebitleýin ulag geçelgeleriniň möhüm düwünlerinden biri hökmünde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri aýratyn bellenildi.
Merkezi Aziýanyň sebit syýasaty baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda sebitdäki durnuklylyk we özara arabaglanyşygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge goşýan möhüm goşandy hökmünde baha berilýändigi, şeýle hem bu ýagdaýyň sebit taslamalary boýunça, şol sanda Owganystan bilen baglanyşykly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esas bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň gün tertibindäki ynsanperwer ölçegler we durmuş meseleleri bilen bagly bölümde ýewropa tarapy degişli ugurlarda dialogy dowam etdirmegiň hem-de tejribe alyşmagyň möhümdigini belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň mazmunly we işjeň häsiýete eýe bolandygyna ýokary baha berip, parlamentara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, indiki duşuşygyň geljek ýylyň başynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi barada ylalaşyk gazanyldy.
