Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçihanasynyñ Medeniýet merkezinde ýurduň Beyik ruhy Lideri şehit Ayatolla Seýed Ali Hameneýini ýatlamak mynasybetli Gurhan sergisi guraldy we Mukaddes Remezan ayy mynasybetli agzaçar sadakasy berildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Müftüsi, pars dilini öwrenijiler, sungat ussatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Serginiň açylyşynda Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi çykyş edip türkmen halkynyň Milli Liderini, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny şeýle-de gatnaşyjylary Mukaddes Remezan aýy bilen gyzgyn gutlap, iň gowy arzuwlary beýan etdiler.

Sergide görkezilen Gurhanyň 14 dile geçirilen terjimeleri şeýle hem sungat eserleri gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Guralan sergä we agzaçar sadakasyna gatnaşan ähli myhmanlar Medeniýet Merkezinde açylan gynanç kitabynda ýazgy galdyrdylar.






ORIENT
