Keramika önümlerini öndürmekde ýöriteleşen Eziz doganlar keramika önümçiligi kompaniýasy baş inženeri gözleýändigi barada mälim etdi. Kärhananyň ösüşi bilen baglylykda, önümçilik infrastrukturasynyň yzygiderli işlemegini üpjün etmäge taýýarlykly tejribeli tehniki ýolbaşçy gerek.
Borçlar:
– Zawodyň inžener-tehniki gullugyna ýolbaşçylyk etmek;
– Önümçilik enjamlarynyň yzygiderli işlemegini üpjün etmek;
– Meýilnamalaýyn-duýduryş boýunça abatlaýyş işlerini guramak we enjamlaryň tehniki ýagdaýyny gözegçilikde saklamak;
– Önümçilik we energetika proseslerini optimizirlemek;
– Tehniki kämilleşdirmeleri girizmek we enjamlary döwrebaplaşdyrmak;
– Önümçilik ugurlarynyň howpsuz işini üpjün etmek;
– Täze önümçilik kuwwatlaryny işe girizmäge gatnaşmak;
– Tehniki bölümiň býujetini dolandyrmak.
Talaplar:
• Bilim: ýokary tehniki bilim (mehanik-energetik);
• Iş tejribesi: baş inžener wezipesinde azyndan 5 ýyl;
• Önümçilik ulgamyndaky tejribe artykmaçlyk bolar;
• Diller: türkmen we rus dillerini erkin bilmek;
• Iňlis we türk dillerini bilmek goşmaça artykmaçlyk bolar.
Şahsy häsiýetler:
– Dolandyryş tejribesi;
– Jogapkärçilik;
– Strategik pikirlenme;
– Tehniki çözgütleri kabul edip bilmek ukyby.
Şertler:
– Bäsdeşlige ukyply aýlyk haky;
– Häzirki zaman önümçilikde durnukly iş;
– Kärhananyň ösüşi we döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly taslamalaryna gatnaşmak;
– Uzak möhletleýin professional hyzmatdaşlyk.
Saýlaw tapgyryna gatnaşmak üçin aşakdaky formany doldurmak zerurdyr: https://forms.gle/ZzJ2K3qtN1BmLJBHA
