Keramika önümlerini öndürmekde ýöriteleşen Eziz doganlar keramika önümçilik kärhanasy baş mehanik wezipesine işgär gözleýändigini mälim etdi.
Baş mehanik enjamalaryň tehniki ygtybarlylygyny we önümçilik ugurlarynyň durnukly işlemegini üpjün edýän esasy şahsdyr. Onuň hünär derejesi önümçilik prosesleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyna, tehniki tertibiň berjaý edilmegine hem-de enjam serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna gönüden-göni täsir edýär.
Esasy borçlar:
– Zawodyň mehaniki enjamlarynyň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek;
– Meýilleşdirilen öňüni alyş abatlaýyş ulgamyny guramak we ornaşdyrmak;
– Abatlaýyş işlerini meýilleşdirmek we olaryň hiline gözegçilik etmek;
– Näsazlyklaryň sebäplerini seljermek we gaýtalanýan döwülmeleriň öňüni almak;
– Ätiýaçlyk şaýlaryny we tehniki serişdeleri dolandyrmak;
– Abatlaýyş we hyzmat çykdajylaryny optimizirlemek;
– Mehaniklere we abatlaýyş toparyna ýolbaşçylyk etmek;
– Täze enjamlary gurnamak we sazlamak işlerine gatnaşmak.
Talaplar:
Bilim: ýokary tehniki bilim (inžener-mehanik). Iş tejribesi: mehaniki gullukda ýolbaşçy wezipesinde azyndan 5 ýyl. Diller: türkmen we rus dillerini erkin bilmek; iňlis we türk dillerini bilmek artykmaçlyk hasaplanýar.
Hünär aýratynlyklary:
– Tejribelilik we tehniki ünsli bolmak;
– Näsazlyklaryň sebäplerini çalt anyklamak ukyby;
– Netije üçin jogapkärçilik;
– Guramaçylyk we tertiplilik.
Iş şertleri:
– Hakyky önümçilik möçberi bolan hereket edýän kärhanada iş;
– Tehniki çözgütleri özbaşdak kabul etmek mümkinçiligi;
– Enjamlara hyzmat ulgamyny netijeli gurmak mümkinçiligi;
– Wagtynda we mynasyp zähmet haky.
Saýlama gatnaşmak üçin aşakdaky baglanyşyk arkaly formany doldurmaly: https://forms.gle/jXapuByhLfnJ94276
