
Serhetýaka söwdany ösdürmek meselesi Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen Lebap welaýatynyň häkimi Durdy Genjiýewiň arasynda Türkmenabat şäherinde geçirilen duşuşygyň esasy temasy boldy. Şeýle hem ilçi ýerli telekeçiler bilen duşuşyk geçirdi diýip, "Dunýo" habarlar agentligi habar berýär.
Nämeler ara alnyp maslahatlaşyldy:
Geljekki «Alat–Farap» söwda zolagy: Buhara welaýaty bilen Lebap welaýatynyň arasynda döredilmegi meýilleşdirilýän taslama serhetýaka ýaşaýjylarynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna hem-de haryt dolanyşygynyň artmagyna itergi berer.
Sebitleýin forum: Taraplar sebitleriň üçünji bilelikdäki forumyna hem-de Buhara we Türkmenabat şäherlerinde geçiriljek işewürlik duşuşyklaryna taýýarlyk işlerine başladylar.
Senagat hyzmatdaşlygy: Surhandarýa hem-de Kaşkadarýa welaýatlary Lebap welaýaty bilen 2025-nji ýylyň noýabr aýynda gol çekilen ylalaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkidýärler.