Aşgabatdaky Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy we howa boýunça Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalaryň çäginde, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky «Milli derejede kesgitlenen goşantlary (MDKG 3.0) täzelemek işine goldaw bermek» taslamasynyň tehniki taýdan ýardam bermeginde guralan bu çäre gelin-gyzlaryň kyrka golaýyny bir ýere jemledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri çykyş edip, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde zenanlaryň aýratyn ornunyň bardygyny bellediler. Duşuşyga bilim, saglygy goraýyş we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlaryň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
«Diýarymyzda zenanlaryň jemgyýetdäki orny hemişe üns merkezinde saklanylýar. Tebigat bilen zenan — durmuşyň we gözelligiň bitewi çeşmesidir. Guramamyzyň esasy maksady şeýle sazlaşygy ýaş nesilleriň aňynda berkidip, olarda tebigata bolan aýawly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr» — diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy Leýli Şyhmedowa belläp geçdi.

BMGÖM-niň hünärmenleri hem-de ýaş ekologiýa meýletinçileri howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara derejesindäki wezipeler hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalar boýunça özara tejribe alyşdylar. Çäräniň dowamynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň agzalary hünärmenler bilen gyzykly söhbetdeşlik gurnamak bilen, özlerini gyzyklandyrýan sowallara anyk jogaplary aldylar. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylara gurama tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

ORIENT
