MIWE kompaniýasy gurluşyk bölüminiň müdiri wezipesine işgär kabul edilýändigini yglan etdi.
Borçlary
• Gurluşyk taslamalaryna doly ýolbaşçylyk etmek
• Gurluşyk bölümini administratiw taýdan dolandyrmak
• Gurluşygyň ähli tapgyrlarynda tehniki proseslere gözegçilik etmek
• Gurluşyk toparlarynyň we potratçylaryň işini utgaşdyrmak
• Işleriň möhletleriniň we hiliniň berjaý edilişine gözegçilik etmek
• Tehniki we hasabat resminamalaryny ýöretmek
• Önümçilik bilen bagly meseleleri operatiw çözmek
Talaplar
Bilimi:
• Gurluşyk ugry boýunça ýokary bilim.
Iş tejribesi:
• Gurluşyk pudagynda ýolbaşçy wezipelerde iş tejribesi hökmany.
Dil başarnyklary:
• Türkmen dili
• Türk dili
• Rus dili
• Iňlis dilini bilmek artykmaçlyk hasaplanylýar
Hünär başarnyklary:
• Gurluşyk kadalaryny we tehnologiýalaryny bilmek
• Inženerçilik proseslerine düşünmek
• Topary dolandyrmak tejribesi
Goşmaça artykmaçlyk:
• Sürüjilik şahadatnamasynyň we şahsy awtoulagyň bolmagy
Şahsy häsiýetler
• Jogapkärçilik
• Liderlik ukyplary
• Köp wezipeli şertlerde işläp bilmek ukyby
• Operatiw çözgütleri kabul etmek başarnygy
Şertler
• Bäsdeşlige ukyply aýlyk zähmet haky (söhbetdeşlikde ara alnyp maslahatlaşylýar)
• Hünär taýdan ösüş mümkinçiligi
Nädip ýüz tutmaly
Saýlama gatnaşmak üçin aşakdaky salgydaky formany doldurmaly: https://forms.gle/R3bxEkgZRJpuBbrr5
