27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň çäklerinde guralan diplomatlar we beýleki hünärmenler üçin gysga möhletli okuw üstünlikli tamamlandy.
Okuwa ýurduň daşary syýasat edarasynda işleýän diplomatlar we hünärmenler, şeýle hem daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň, konsullyk edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Okuwyň tamamlanmagy mynasybetli şahadatnamalary gowşuryş dabarasy geçirildi. Ýörite şahadatnamalary diplomatik gullukda köp ýyllap zähmet çeken tejribeli diplomatlar, şeýle hem institutyň professor-mugallymlary gowşurdylar.
ORIENT
