Günorta Hytaý deňziniň Beýbu aýlagynda dronlaryň kömegi bilen dolandyryş ulgamy resmi taýdan işe girizildi. Bu ulgam deňizdäki nebitli ýataklarda alnyp barylýan işleri goldamaga niýetlenendir hem-de deňiz energetikasyny pes belentlikde uçýan dron tehnologiýasy bilen utgaşdyrmakda möhüm ädim boldy.
Ulgamyň synag tapgyry Weýçžou 12-1 nebit ýatagynyň merkezi platformasynda geçirildi. Bu platforma çig nebiti gaýtadan işleýär we onuň töweregindäki 13 çykaryş platformasy üçin merkezleşdirilen daşamany amala aşyrýar. Olaryň işi umumy uzynlygy 238 kilometre barabar bolan 18 sany suwasty turbanyň üsti bilen üpjün edilýär.
Öňler turba geçirijileriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin yzygiderli barlaglar çekiji gämileriň kömegi bilen geçirilýärdi. Gämi platformadan çykyp, turba geçirijiniň ugry boýunça hereket edýärdi. Doly barlag 33 sagat dowam edýärdi, diňe ýangyç çykdajylary bolsa her missiýa üçin onlarça müň ýuana ýetýärdi. Şeýle hem bu proses deňiz şertlerine berk bagly bolup, howa ýaramaz bolan ýagdaýynda barlaglary yza süýşürmeli bolýardy.
Hytaýyň Milli deňiz nebit korporasiýasynyň «Çžanszýan» kompaniýasynyň Weýçžou 12-1 nebit ýatagynyň direktory Li Ýançuan häzirki wagtda dronlaryň kömegi bilen wideony hakyky wagt tertibinde merkezi dolandyryş nokadyna geçirmek mümkinçiliginiň döredilendigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, barlaglaryň netijeliligi 30 göterim ýokarlandy.
Häzirki wagtda dron ulgamy Hytaý boýunça 41 deňiz platformasynda we iki ýerüsti terminalda ornaşdyryldy. Ol suwasty turba geçirijileri barlamaga, logistika amallaryny ýerine ýetirmäge hem-de adatdan daşary ýagdaýlara dessine täsir etmäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň utgaşdyryş menejeri Men Wenbo häzirki güne çenli 3 müň 600 kilometreden gowrak turba geçirijileriň barlanandygyny habar berdi. Şeýle hem dronlar kiçi ýükleri we azyk önümlerini daşamak üçin ulanylýar. Bu bolsa gämileri kärendesine almak we ýangyç çykdajylary boýunça ýylda takmynan 15 million ýuan (takmynan 2,2 million ABŞ dollary) tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, kömürturşy gazynyň zyňyndylary 25 müň tonna çenli azaldyldy. Bilermeniň bellemegine görä, şeýle çemeleşme çykdajylary azaltmaga, netijeliligi ýokarlandyrmaga we deňiz nebit ýataklarynyň işini intellektual taýdan döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär.
Ulgamy döredijiler aýratyn-da deňiz aragatnaşygynyň çäkli örtügine degişli çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bu meseläni çözmek üçin olar özbaşdak gurnalan aragatnaşyk baza stansiýalaryny ýerleşdirdiler we dronlary ýörite aragatnaşyk modullary bilen üpjün etdiler.
Li Ýançuan BeiDou nawigasiýa hemra ulgamyny ýerüsti BeiDou stansiýalary bilen utgaşdyrýan çözgüdiň ulanylandygyny hem aýtdy. Bu ýokary takyklyga eýe nawigasiýany, bökdençsiz örtügi hem-de hatda çylşyrymly şertlerde we kenar signallarynyň çäginden daşarda hem dronlaryň durnukly uçuşyny üpjün etdi.
Dronlar ýokary temperatura, duzlulyk we çyglylyk şertlerinde işlemek üçin ýörite taýýarlanyldy. Şeýle faktorlar elektron bölekleriniň we korpus materiallarynyň güýçli poslamagyna sebäp bolýar.
Men Wenbo ýalpaklykdaky nebit çykaryş pudagynyň aýratynlyklaryny nazara alyp, maksada gönükdirilen ylmy-barlag işleriniň we işläp taýýarlamalaryň geçirilendigini goşmaça belledi. Netijede, ýokary tehnologiýa pudagynda içerki uçarmansyz uçuş enjamlary döwrebaplaşdyryldy. Şeýle esasda ýalpaklykdaky nebit ýataklarynda ulanylýan dronlar üçin Hytaýda ilkinji operasion we dolandyryş standartlarynyň toplumy döredildi.