Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Türkmenistandaky resmi Toyota dileri — “Beýik Ýüpek Ýoly” HK, “Toyota Central Asia FZE” resmi distribýutorynyň goldawy bilen ýörite hyzmat aksiýasynyň başlanandygyny yglan etdi.
Aksiýanyň çäginde Toyota we Lexus awtoulaglarynyň eýelerine awtoulagy 10 ugur boýunça mugt toplumlaýyn diagnostikadan geçirmek, indiki hyzmaty üçin 450 manat möçberinde arzanladyş sertifikatyny almak hem-de ähli görnüşdäki motor ýaglaryny arzanladylan bahadan satyn almak mümkinçiligi döredilýär.
Aksiýa döwründe “Beýik Ýüpek Ýoly” Toyota hyzmat nokatlarynyň hünärmenleri aşakdaky ulgamlary we düzümleri barlaýarlar:
• howalandyrma we ýyladyş ulgamy;
• akkumulýator batareýasy;
• aýna süpürijileri;
• hereketlendirijiniň sowadyş ulgamy;
• tormoz ulgamy;
• motor ýagy;
• tekerleriň ýagdaýy;
• daşarky we içki yşyklandyryş ulgamy;
• howa süzgüji;
• geçiriji kemerler.
450 manat möçberindäki arzanladyş sertifikaty aksiýanyň çäginde hyzmatdan peýdalanan ähli müşderilere berilýär we ol hyzmat işlerine, şeýle hem hyzmat wagtynda oturdylýan original ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga degişlidir.
Teklibiň möhleti: 2026-njy ýylyň 19-njy fewralyndan 20-nji martyna çenli. Arzanladyş sertifikatynyň möhleti: 2026-njy ýylyň 21-nji martyndan 30-njy iýunyna çenli.
Motor ýaglaryna degişli arzanladyş diňe resmi hyzmat nokatlarynda ýag çalşylanda güýje girýär.
Toyota “Beýik Ýüpek Ýoly” köp ýyllaryň dowamynda hyzmat hiline aýratyn üns berýär we müşderileriň ynamyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýär. Oraza aýyna bagyşlanan bu aksiýanyň ýola goýulmagy müşderi hyzmatlaryny ösdürmekdäki nobatdaky ädim bolup, kompaniýanyň diňe awtoulag satuwy arkaly däl-de, eýsem gyzykly hyzmat çäreleri arkaly hem awtoulag eýelerini goldamak islegini tassyklaýar.
