Hytaýda öndürilen, rak keselini bejermek üçin niýetlenen lukmançylyk agyr-ion tizlendirijileriniň geljekde has köp näsaga kömegi deger. Bu barada Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Häzirki zaman fizika institutynyň direktorynyň orunbasary Ýan Siançen belledi.
Öňdebaryjy agyr-ion radioterapiýasy boýunça alym Ýan Siançen 2020-nji ýylyň mart aýynda Gansu welaýatynyň Wuweý şäherinde kliniki ulanyşa girizilen ýurduň ilkinji ulgamyny döredijileriniň biridir. Şeýlelikde, Hytaý agyr-ion bejergisini özbaşdak işläp taýýarlamagy we ulanmagy başarýan dünýäde dördünji ýurt boldy. Bu ugurdaky ylmy barlaglar 1993-nji ýylda başlanypdy.
Häzirki wagtda Huiçžou, Lançžou, Hançžou we Putian ýaly şäherlerde 10-dan gowrak merkezler işleýär. Olar 3 müň 600-den gowrak rak keselli näsaglara ýokary takyklykdaky bejergi hyzmatyny hödürleýärler.
Alym Ýan Siançen öňegidişligi lukmançylyk enjamlarynda innowasiýa esasly ösüşiň möhüm bölegi hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň sözlerine görä, iri ylmy desgalar ýurduň möhüm strategik baýlygydyr we olaryň esasynda döredilýän tehnologiýalar ýokary hilli önümçilik güýçleriniň täze hereketlendiriji güýjüne öwrülýär.
Geljekki meýilnamalar lukmançylyk enjamlaryny has ykjam görnüşe getirmegi, bejerginiň çykdajylaryny azaltmagy we takyk radioterapiýa bolan uly islegi kanagatlandyrmak üçin ulgamlary giňden ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
Ýan Siançen ýakyn wagtda geçiriljek Syýasy maslahatçylar mejlisine gatnaşjak syýasy maslahatçy hökmünde ylmy-barlag we ösüş işlerini çaltlandyrmak, çykdajylary azaltmak hem-de bejergini ilata elýeterli etmek boýunça döwlet goldawyny güýçlendirmek teklibini öňe sürýär.
Onuň bellemegine görä, emeli intellekt, 5G tehnologiýasy we robot tehnikasy bu ulgamyň ösüşine itergi berer.