4-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykandygyny görkezdi. Türkmenistanyň degişli ýolbaşçylary bilen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türk toparynyň duşuşygy öňki mejlisiň Teswirnamasynyň ýerine ýetirilişine giňişleýin baha bermekden başlap, esasy taslamalar boýunça garaýyşlary utgaşdyrmak bilen dowam etdi. Duşuşygyň esasy netijesi hökmünde jemleýji Teswirnama gol çekildi. Bu resminama hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak we iki ýurduň bazarlarynda haryt görnüşlerini giňeltmek boýunça anyk ädimleri kesgitledi.
Ulag-logistika ulgamy we energetika wekiliýetler tarapyndan Ýewraziýanyň ykdysady howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýän strategik ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Aşgabat bilen Ankaranyň üns merkezinde Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda üznüksiz we netijeli ýük daşamalaryny üpjün etmäge ukyply döwrebap, tehnologik ulag düzümini döretmek meselesi durýar. Nebit-gaz pudagynda we elektroenergetika ulgamynda bilelikdäki başlangyçlar bilen utgaşdyrylanda, bu ädimler türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yklymyň ulag we energetika durnuklylygynyň möhüm kepilleriniň birine öwürmegi maksat edinýär.
Taraplar gurluşyk pudagyndaky we gurluşyk materiallary senagatyndaky hyzmatdaşlyk bilen birlikde, azyk senagaty we oba hojalygy ugurlarynda hem özara gatnaşyklaryň giňeldilmegini meýilleşdirdiler. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarda ýerli önüm öndürijileriň türk bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Gepleşikler iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin senagat we infrastruktura hyzmatdaşlygy görnüşine geçýändigini görkezdi.
