2026-njy ýylyň 19–22-nji awgust aralygynda Aşgabat çagalar we maşgala üçin niýetlenen harytlar pudagynda işewürlik işjeňliginiň merkezine öwrüler. “Hemme zat çagalar üçin” atly halkara sergi Kids Expo 2026 bir meýdançada dünýä brendlerini, öňdebaryjy distribýutorlary we innowasion hyzmat üpjün edijileri birleşdirip, Merkezi Aziýada häzirki zaman çagalygynyň keşbini kemala getirer.
Serginiň guramaçysy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bolup çykyş edýär. Bilelikdäki guramaçysy — Turkmen Expo kompaniýasy. Şeýle hyzmatdaşlyk çäräniň halkara derejede ýokary abraýyny üpjün edýär. Bu diňe bir sergi däl, eýsem sebitde çalt ösýän bazara çykmak we hil hem-de innowasiýa esasy üstünlik ölçegi bolup durýan ugurda işewür gatnaşyklary berkitmek üçin strategik meýdançadyr.

Kids Expo 2026 B2B we B2C görnüşinde geçirilip, çagalaryň ösüşiniň ähli döwürlerini — täze doglan bäbekler üçin harytlardan başlap, ýetginjekler üçin innowasion çözgütlere çenli giň ugurlary öz içine alýar. Şeýle çemeleşme gatnaşyjylara bir wagtda iki maksady amala aşyrmaga mümkinçilik berýär: bölek satuw ulgamyndaky hyzmatdaşlar bilen göni şertnamalary baglaşmak we ahyrky sarp edijiden dessine seslenme almak.
Serginiň esasy ugry bazaryň hil taýdan özgerişine gönükdirilendir. Meýdança diňe bir däp bolan harytlary däl, eýsem bilim, sanly dynç alyş we çagalar ýaşaýyş stiliniň ýokary tehnologiýaly konsepsiýalaryny hem tanyşdyrar. Halkara işewürlik üçin Kids Expo 2026 — häzirki zaman tehnologiýalary we önümleriň howpsuzlygy ileri tutulýan, depginli ösüşe eýe bolan sebite “giriş nokadydyr”.

Kids Expo 2026 Türkmenistanda iş alyp barmagy maksat edinýän halkara kompaniýalar üçin “mümkinçilik penjiresini” açýar. Sergi täze distribýutor torlarynyň döredilmegine, iri bölek satuw ulgamlary, döwlet we hususy bilim merkezleri, şeýle hem hyzmat ulgamynyň öňdebaryjylary bilen göni şertnamalaryň baglaşylmagyna itergi berer. Gatnaşyjylar üçin bu — ýerli üpjünçilik zynjyrlaryna goşulmagyň we ösüş ýolundaky bazaryň esasy gatnaşyjylary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň iň gysga ýoludyr.

Kids Expo 2026-nyň ekspozisiýasy harytlaryň we hyzmatlaryň bitewi ekoulgamyny aşakdaky ugurlar boýunça hödürlär:
Fashion & Style: Çagalar egin-eşigi, aýakgaby we esbaplarynyň öňdebaryjy brendleriň hem-de ýaş dizaýnerleriň iň täze kolleksiýalary.
Education & Future: Innowasion bilim tehnologiýalary (EdTech), täze nesil okuw materiallary, dil merkezleri we öňdebaryjy uniwersitetler.
Baby Care & Safety: Täze doglan bäbekler üçin premium harytlar, ýöriteleşdirilen ideg önümleri, şeýle hem çagalaryň howpsuzlygyny we arassaçylygyny üpjün edýän häzirki zaman ulgamlary.
Play & Development: Akyl-paýhas oýunlary, ösüşe ýardam berýän oýnawaçlar we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürýän multimediýa mazmuny.
Living & Space: Çagalar otaglary üçin ergonomiki mebel we funksional interýer çözgütleri.
Sport, Health & Leisure: Işjeň dynç alyş üçin harytlar, professional sport enjamlary, saglyk önümleri we maşgala hyzmatlar industriýasy.

Kids Expo 2026-nyň maksatnamasy adaty ekspozisiýa görnüşini işjeň networking bilen utgaşdyrýar: ýapyk zolaklarda geçirilýän B2B gepleşiklerden başlap, önüm tanyşdyrylyşlaryna we interaktiw bilim ussatlyk sapaklaryna çenli. Şeýle sinergiýa sergini tejribe we tehnologiýa alyş-çalşy üçin doly derejeli janly forum derejesine ýetirýär.
Daşary ýurt gatnaşyjylary üçin administratiw päsgelçilikleri azaltmaga gönükdirilen doly goldaw bukjasy göz öňünde tutulandyr:
• Wiza we logistika goldawy: Ýönekeýleşdirilen giriş tertipleri we ýük daşalyşynyň utgaşdyrylmagy.
• Tehniki hyzmat: Halkara ölçeglerine laýyk stendleriň taslamalaşdyrylmagy we gurulmagy.
• Eksklýuziw hyzmat: Myhmanhanalaryň öňünden sargyt edilmegi we Aşgabatda maksatly satyn alyjylar hem-de distribýutorlar bilen aýratyn iş duşuşyklarynyň guralmagy.
Kids Expo 2026 diňe bir sergi çäresi bolman, eýsem sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň güýçli hereketlendirijisidir. Işewürligi we innowasiýalary birleşdirip, taslama Merkezi Aziýada çagalar industriýasynyň geljegini kemala getirýär hem-de halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

2026-njy ýylyň 19–22-nji awgusty
Aşgabat, Türkmenistan
Gatnaşyjylary hasaba almak
Arzalar şu elektron salgy boýunça kabul edilýär: contact@turkmenexpo.com
Telefon: +993 71 87 18 12
