||

5-nji martda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan «Ähli ýagşylyklar zenanlar üçin» atly aýdym-sazly agşamy geçiriler.
Sahnada Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri çykyş eder. Maksatnamada söýgüli dünýä nusgawy eserleri we ýaz paslynyň ruhy, gözelligi hem-de näzikligi bilen ylham berýän sazlar ýerine ýetiriler.
Orkestriň çeper ýolbaşçysy — Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow.
Konsertiň başlanjak wagty — 19:00. Maglumat we biletler üçin telefon belgileri: 26-69-17, 51-41-57, 8(63)46-71-77 we 8(64)03-74-56.