AD Ports Group, BUA Group we MAIR Group kompaniýalary strategik hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler. Bileleşigiň maksady Abu-Dabini azyk önümlerini gaýtadan işleýän (şeker we ösümlik ýaglary) global merkeze öwürmek we sebitiň azyk howpsuzlygyny berkitmekdir.
Hyzmatdaşlar döwrebap şeker zawodlaryny we iýmit ýaglaryny öndürýän kärhanalary gurmagy meýilleşdirýärler. Esas baza güýçli ulag infrastrukturasy bolan Abu-Dabidäki Halifa porty bolar. Taslama Afrika we Latyn Amerikasynyň bazarlaryny hem öz içine alyp, yklymlary täze logistik zynjyrlar bilen baglar.
Hyzmatdaşlyk diňe gaýtadan işlemek däl, eýsem däne, iým we noýba ekinlerini saklamak, daşamak we paýlamak meselelerini hem öz içine alýar.
Bu taslama birnäçe esasy meseläni bir wagtda çözýär:
• Azyk howpsuzlygy: Başlangyç BAE-niň 2051-nji ýyla çenli azyk önümleriniň durnukly üpjünçiligini üpjün etmek strategiýasyny gönüden-göni goldaýar.
• Ykdysady ösüş: Senagaty we ykdysadyýetiň diwersifikasiýasyny höweslendirýän dünýä derejesindäki ekoulgam döredilýär.
• Täze söwda ýollary: Afrika ägirdi BUA Group-yň tejribesi we AD Ports Group-yň logistik mümkinçilikleriň birleşmegi Afrika bilen BAE-niň arasyndaky söwda arabaglanyşygyny berkider.
Işewürlik we sarp edijiler üçin bu has durnukly we çeýe azyk üpjünçilik ulgamynyň döredilmegini aňladýar. Şeýle güýçli gaýtadan işleýän merkezleriň ösdürilmegi global bazarlaryň üýtgemelerine bolan baglanyşygy azaltmaga we sebiti bäsdeşlige ukyply bahalar bilen ýokary hilli önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
ORIENT
