Biz hemmämiz Nintendo oýun konsollarynda millionlaryň ýüregini eýelän meşhur oýunçy gahryman Mariony ýatlaýarys we söýýäris. Onuň başdan geçirmeleri, batyrlygy we degişme duýgysy ony hakyky oýun medeniýetiniň nyşanyna öwürdi, indi bolsa ol täze animasion blokbasterde uly ekrana gaýdyp gelýär.
"Super Mario: Galaktiki kino" atly animasion film 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde ABŞ-nyň prokatyna çykar. Bu, 2023-nji ýylda çykan üstünlikli "Super Mario doganlar kinoda" filminiň dowamy bolup, Mettýu Fogel ssenarisi boýunça ýene-de Aaron Horwat we Maýkl Ýelenik tarapyndan režissýorlyk edildi.
Filmde birinji bölümden öz keşplerine Kris Prett, Anýa Teýlor-Joý, Çarli Deý, Jek Blek, Kigan-Maýkl Keý we Kewin Maýkl Riçardson gaýdyp gelýärler. Olara Benni Safdi we Bri Larson goşulyp, täze gahrymanlara täzeçil dinamikany we häzirki zaman özüne çekijiligi goşýarlar.
Taslama "Illumination" studiýasy tarapyndan "Nintendo" bilen hyzmatdaşlykda döredilýär we paýlanyşygy "Universal Pictures" amala aşyrýar. Täze film seriýanyň janköýerlerini-de, tomasacylaryň täze neslini-de begendirjek janly wizual effektleri, dinamiki başdan geçirmeleri we komediýa ýagdaýlaryny wada berýär.
Täzelenmeleri yzarlaň: Super Marionyň gaýdyp gelmegi bilen gyzykly başdan geçirmeleriň täze sahypasy başlaýar — "Galaktiki kino" 2026-njy ýylda animasiýa we kino dünýäsinde esasy wakalardan biri bolmagy wada berýär.
ORIENT
