Aşgabatda söýülýän türkmen filmleriniň sazlaryna bagyşlanan «Türkmen kinosynyň altyn owazlary» atly konsert geçiriler. Tomşaçylara birnäçe nesliň medeni ýadynda galan kinofilmleri ýatladýan simfoniki janly sazly agşam garaşýar.
Sahnada Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda çykyş eder. Toparyň ýerine ýetirmeginde öz döwrüniň saz nyşanyna öwrülen we wagtyň aýratyn ruhuny saklap galan eserler ýerine ýetiriler.
Konsert 21-nji fewralda Mukamlar köşgünde geçiriler. Başlanjak wagty sagat 19:00.
Guramaçylaryň belleýşine görä, konsert maksatnamasy kinony we sazy utgaşdyryp, tomaşaçylar üçin mähirli we nostalgiýadan doly gurşawy döreder. Bu agşam ajaýyp ýatlamalary oýarýan sazlary ýene-de bir gezek diňlemäge we simfoniki orkestriň ussatlygyndan lezzet almaga mümkinçilik bolar.
Soraglar we biletleri satyn almak üçin maglumatlar aşakdaky telefon belgileri boýunça: 26-69-17, 861-33-88-29, 863-46-71-77.
