Her ýyl Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ähli okuwçylary Maslenisanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu asylly däp mekdebiň ähli mugallymlary we ene-atalary tarapyndan goldanylýar. 10-njy “B” synpy hem çetde galmady we penşenbe güni, 19-njy fewralda, ir säher myhmansöýerlik bilen okuwçylary, mugallymlary hem-de mekdebiň tehniki işgärlerini blinler, piroglar we dürli süýjülikler bilen garşy aldy.
Gadymy rus däbine görä, Maslenisanyň dördülenji gününde köpçülikleýin çäreler geçirilýär we ähli hojalyk işleri togtadylýar. Ählumumy şatlykly ýagdaýy ejeler goldady. Olar milli rus lybaslaryny geýip, mekdebiň girelgelerini bezediler. Arakesmelerde bayan sazandanyň ýerine ýetirmeginde joşgunly rus sazlary ýaňlandy. Çagalar hem ulular ýerlerinde durup bilmän, joşgunly rus tansyna başladylar.
Uly arakesmede okuwçylara ýene bir sowgat garaşýardy — aýdymçy Ýelena Oreşkina rus halk hem-de meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Baýramçylyk şowly geçdi! Okuw güni aýratyn tapawutly duýuldy, wagt örän çalt geçdi. Çagalar mekdepden şatlykdan doly ýagdaýda gaýtdylar. Mekdep ýene-de türkmen we rus medeniýetleriniň dialogynyň, dostlugyň we hormatyň ýaş nesli terbiýelemegiň esasy bolup durýan özboluşly okuw mekdebidigini görkezdi.
