
AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary öz meýdançasynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparyny 1:0 hasabynda ýendi we iki oýnuň netijesi boýunça hasaby 2:0-a ýetirip, ýeňiş gazandy.
Kriştianu Ronaldu hatda oýnuň sanawyna-da girizilmedi – ol duşuşygy VIP-münberden synlady.
Oýnuň 2-nji minutynda Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Abdulrahman Garibiň geçiren goly duşuşygyň ykbalyny çözdi. Galan wagtda toparlar oýny golsyz dowam etdirdiler.
Garaşylyşy ýaly, «Arkadag» oýny doly goranmak esasynda gurdy we futbolçylaryň psihologik taýýarlygy hem şu üýtgewsiz taktika esaslandy. Hatda oýnuň başynda goýberilen gol hem olar üçin oýny hüjüm ediji ugra geçirmäge ýeterlik itergi bolup bilmedi.

Ýer eýeleri duşuşygyň ilkinji minutlaryndan başlap oýny öz ellerine alyp, topa eýelik etdiler we garşydaşyň goragyna basyş döretdiler. Garibiň oýnuň ilkinji minutlarynda geçiren goly bu duşuşykda kesgitli pursat boldy, ol «Al-Nassr» üçin amatly artykmaçlygy üpjün etdi we «Arkadag» toparyny yklymyň Aziýa böleginiň iň güýçli toparlaryň gatnaşýan ýaryşynda ýoluny dowam etmek mümkinçiliginden mahrum etdi.
Şeýle-de bolsa, bu oýun «Arkadag» üçin halkara meýdançasynda möhüm synag boldy. Bary ýogy 2023-nji ýylda esaslandyrylan Türkmenistanyň ýaş futbol toary, AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň final tapgyrynda ilkinji gezek çykyş etdi we has tejribeli garşydaşyna garşy mynasyp göreş alyp baryp, janköýerleriň we bilermenleriň hormatyna mynasyp boldy.
Utulmagyna garamazdan, Aziýa futbolynyň öňdebaryjy toparlarynyň birine garşy geçirilen bu oýun türkmen topary üçin uly tejribe boldy we olaryň oýunyň derejesiniň ösýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Aşgabatda geçirilen birinji duşuşykda hem «Al-Nassr» 1:0 hasabynda iň az derjede ýeňiş gazanypdy, jogap oýny bolsa Saud Arabystanynyň toparynyň bu bäsleşikdäki artykmaçlygy diňe berkitdi.
Indi taraplaryň ikisi hem öňe garaýarlar: «Al-Nassr» AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň kubogy ugrundaky göreşini dowam eder, «Arkadag» bolsa halkara ýaryşlarda mundan beýläk-de ösmäge we Aziýa futbolyndaky öz ornuny berkitmäge ünsüni jemlär.
ORIENT