
Türkiýe özüniň dag-lyža kurortlaryny dünýä derejesindäki meýdançalara öwürip, sport syýahatçylygyny işjeň ösdürýär. 2026-njy ýylyň gyş möwsüminde esasy özüne çekjek merkez Erzurum şäheri bolar. Eýýäm "Ýewropanyň Gyş Sport Paýtagty" diýlip ykrar edilen meşhur Palandöken merkezi, dünýä sportunyň elitasyny we müňlerçe syýahatçyny kabul etmäge taýýarlanýar.
Esasy waka: FIS Snoubord-kross Dünýä Kubogy

Ýylyň esasy wakasy 2026-njy ýylyň 6-8-nji martynda geçiriljek FIS Snoubord-kross Dünýä Kubogynyň tapgyry bolar. Bäsleşige 20 ýurtdaň takmynan 300 iň güýçli türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Palandöken töteden saýlanmady: onuň dik ýapgytlary we döwrebap infrastrukturasy ýokary derejeli ýaryşlar üçin ajaýyp.
Güýmenje we festiwallar

Sportdan başga-da, myhmanlara baý medeni maksnama garaşýar. 2026-njy ýylyň 12-15-nji fewraly aralygynda kurortda ýedinji gezek "Frozen Festival" geçiriler. Bu giň gerimli waka:
• Dünýä meşhur DJ-leriniň çykyşlaryny we gijeki tomaşalary;
• Höwesjeň ýaryşlary we garda ýoga sapaklaryny;
• Buz heýkelleri boýunça döredijilik ussatlyk sapaklaryny birleşdirýär.
Erzurumda ýene näme görmeli?

Erzurum diňe lyžaçylar üçin gyzykly däl. Syýahatçylar ajaýyp Tortum şarlawugyny, täsin Narman gaýalaryny we taryhy goşa minaraly medreseleri görmeli. Gezelençden soň bolsa, ýerli tagam — jag kebabyny hökman dadyp görmeli.
Professional sportyň, ýokary hilli hyzmatyň we baý taryhyň utgaşmagy Erzurumy 2026-njy ýylda hökmany baryp görmeli ýere öwürýär.

ORIENT