2026–2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu resminama ýurdumyzyň sanly özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biri bolar.
Degişli işler Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan alnyp barlar. Prezidentiň karary bilen bu ministrlik sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça ygtyýarly döwlet edarasy hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem oňa elektron resminama dolanyşygy, sanly hyzmatlar we elektron hökümeti ösdürmek ugurlarynda ygtyýarlyklar berildi.
Maksatnama laýyklykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emeli aň, blokçein we zatlaryň interneti tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berler. Şeýle-de degişli hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we zehinli ýaşlary goldamak göz öňünde tutulýar.
Meýilleşdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň tehnologik kuwwatyny artdyrmaga, IT pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de kiberhowpsuzlygyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.
