Er-Riýadyň golaýynda Six Flags Qiddiya City atly uly tematik seýilgäh işe başlady — ol çäksiz çöllükleri dünýä syýahatçylygynyň esasy merkezine öwürdi. Taslama dünýäde iň ekstremal attraksionlary hödürläp, eýýäm üç sany dünýä rekordy bilen özüni tanatdy.
Six Flags Qiddiya City seýilgähi 32 gektar meýdany eýeleýär we meşhur toruň Demirgazyk Amerikadan daşary gurlan ilkinji desgasy bolup durýar. Bu diňe bir attraksionly meýdança däl, eýsem kiber sportyň, sportyň we sungatyň geljekki global merkezine öwrüljek Qiddiya megataslamasynyň ýüregidir. Toplumyň gurluşygy dört ýyl dowam etdi, häzirki wagtda bolsa ol myhmanlara 28 attraksion, ösen söwda zolagyny we dünýä derejesindäki restoranlary hödürleýär.
Seýilgähiň esasy aýratynlygy hökmünde resmi taýdan inženerçilik taryhyna girizilen üç sany üýtgeşik “switchback” görkezilýär:
• Falcon’s Flight (Laçynyň uçuşy):Dünýäde iň beýik, iň uzyn we iň tiz amerikan switchback. Otly 250 km/sag çenli tizlige ýetýär.
• Iron Rattler: Dünýä rekordyna eýe — iň beýik egik roller-koster.
•Spitfire: Dünýäde iň beýik “inwersiýaly” attraksion — ýolagçylar iň ýokary nokatda ters ýagdaýda bolýar.

Seýilgähiň açylmagy Saud Arabystanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýän “Vision-2030” maksatnamasynyň möhüm tapgyrydyr. Syýahatçylar üçin bu dünýä kartasynda täze hökmany barylmaly ýeriň peýda bolandygyny aňladýar. Ýakyn wagtda seýilgähiň golaýynda sebitdäki iň uly akwapark, döwrebap stadion we halkara kibersport ýaryşlary üçin arena açylar.
Ýurduň käbir gurluşyk taslamalarynyň wagtlaýyn togtadylmagyna garamazdan, Six Flags Qiddiya City Saud Arabystanynyň iň batyrgaý binagärlik we tehniki pikirleri durmuşa geçirip bilýän döwletdigini tassyklaýar.
ORIENT
