Hytaýyň dürli künjeklerinde däp-dessurlary we häzirki zaman tehnologiýalary birleşdirýän halk çyralar festiwallary geçirilýär. Baýramçylyk yşyk görkezilişleri şu ýyl 17-nji fewrala gabat gelýän Bahar baýramyna garaşmak ruhuny döredýär we hytaý senenamasy boýunça Ýylky ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrýar.
Ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Dalýan şäherinde gijeki asmany ýagtylandyrýan hem-de giň gerimli panora sahnalaryny döredýän ondan gowrak uly yşyk kompozisiýasy taýýarlanyldy.
Ýerli ýaşaýjylar we syýahatçylar balyk şekilindäki çyra ýörişlerine, şeýle hem eredilen demir bilen ýerine ýetirilýän däp bolan ot çykyşlaryna tomaşa edýärler. Bu tomaşalar halk sungatynyň elementlerini häzirki zaman tehniki çözgütler bilen utgaşdyryp, gatnaşýanlara täsirli duýgyny berýär.
Şol bir wagtda baýramçylyk çäreleri ýurduň beýleki welaýatlarynda hem geçirilýär. Sindao, Lançžou we Taýçžou şäherlerinde ýetip gelýän ýyly alamatlandyrýan at şekilli çyra festiwallary guraldy. Yşyk installyasiýalary we tematik bezegler däp bolan äheňler bilen häzirki zaman çeperçilik bezegini birleşdirýän bitewi medeni giňişligi döredýär.
Şeýlelikde, çyra festiwallary Täze ýyly garşy almak dabaralarynyň möhüm bölegine öwrülip, medeni mirasy, häzirki zaman tehnologiýalaryny we jemgyýetçilik däplerini birleşdirýär.