Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin duşenbe gününden sişenbe gününe çenli dowam eden iki günlük barlag saparynyň dowamynda Pekiniň aşaky derejeli dolandyryş wekilleri hem-de şäher ýaşaýjylary bilen duşuşdy. Şeýlelikde, ol Hytaý halkynyň möhüm baýramy bolan Bahar baýramynyň öňüsyrasynda raýatlar bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak däbini 14 ýyl bäri dowam etdirýär. Bu ýyl baýram 17-nji fewralda bellenilýär.
Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary we Merkezi harby geňeşiň başlygy bolan Si Szinpin Pekiniň Dunçen etrabyndaky Lunfusy söwda sebitine baryp gördi. Ol baýramçylyk bazarynyň üpjünçiligi hem-de şäher şaýollarynyň täzeleniş işleri bilen tanyşdy. Mundan başga-da döwlet baştutany jemgyýetçilik naharhanasyna, garrylar üçin ýaşaýyş toplumyna we paýtagtyň merkezindäki täjirçilik sebitine baryp, jemagat hyzmatlaryň işi we garrylar barada alada etmek ulgamynyň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Si Szinpin ýurduň ýaşaýjylaryny ýetip gelýän Ýylky ýyly bilen gutlap, berk jan saglyk, üstünlikler we maşgala abadançylygyny, şeýle hem döwlet üçin parahatçylyk we gülläp ösüşi arzuw etdi.
Bahar baýramy ýa-da Hytaýyň Täze ýyly maşgala birleşmeginiň döwri hasaplanýar. 2012-nji ýylda HKP-niň MK-nyň Baş sekretary wezipesine saýlanaly bäri Si Szinpin her ýyl ýurduň dürli sebitlerine baryp, halk bilen duşuşýar.
«Näçe meşgul bolsam-da, oba ýerlerindäki adamlar bilen duşuşmaga hemişe wagt tapýardym. Adamlar meniň bilen köp pikirlerini paýlaşdylar we men olary hemişe ýatda saklaýaryn», — diýip, Si Szinpin 2020-nji ýyldaky täze ýyl ýüzlenmesinde aýtdy.
Dürli ýyllarda onuň saparlary uzak obalary hem-de iri şäherleri öz içine aldy. 2013-nji ýylda ol Gansu welaýatyndaky obalara baryp, azyk üpjünçiligi we lukmançylyk hem-de bilim hyzmatlarynyň elýeterliligi bilen gyzyklandy.
Bir ýyl soň ol Içki Mongoliýa baryp, ýerli ýaşaýjylaryň ýaşaýyş şertlerini barlady, şol sanda tokaý hojalyk işçisiniň maşgalasy bilen hem duşuşdy.
2015-nji ýylda Si Szinpin ýaşlyk ýyllaryny geçiren Şensi welaýatynyň Lýanszýahe obasyna gaýdyp bardy. Ol bu ýeriň ýaşaýjylaryny hiç haçan unutmajakdygyny aýtdy hem-de köne ynkylap sebitlerinde ýaşaýan adamlar garyplykda galýan bolsa, umumy abadançylyk jemgyýetiniň doly hasaplanyp bilinmejekdigini belledi.
Soňky ýyllarda döwlet baştutany Szýansi, Hebeý we Syçuan welaýatlarynyň daglyk sebitlerine baryp, oba hojalygyny ösdürmek hem-de garyplyga garşy göreşmek çäreleri bilen tanyşdy.
«Hiç bir etnik topar ýa-da maşgala ähli taraplaýyn orta derejede abadançylyk jemgyýetini gurmakdan daşda galmaly däldir», — diýip, Si Szinpin aýtdy.
2019-njy ýylda ol Pekiniň merkezi etraplarynyň ýaşaýjylary bilen duşuşyp, eltip berijiler bilen gürrüňdeş boldy we iş üpjünçiligi meseleleriniň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem ol ýerli ýaşaýjylar bilen bilelikde börek taýýarlap, ýaşaýyş mähelleleriniň täzelenmeginden soň durmuş şertleriniň gowulaşmagy barada pikir alyşdy. «HKP-niň maksady — adamlaryň durmuşyny yzygiderli gowulandyrmak», — diýip, ol belledi.
2020-nji ýylda Si Szinpin Ýunnan welaýatynyň Simola Wa obasyna baryp, ýerli däbe laýyklykda üç gezek agaç deprek kakyp, bol hasyl we abadançylyk arzuw etdi. 2021-nji ýylda ol oba hojalygy we syýahatçylygyň ösüşiniň garyplygy ýeňmäge mümkinçilik beren Guýçžou welaýatynyň Huawu obasyna baryp, milli medeniýeti gorap saklamaga çagyrdy.
2022-nji ýylda Şansi welaýatyna saparynyň dowamynda suw joşgunlaryndan zyýan çeken sebitleriň dikeldilişi, şeýle hem garyplyga garşy göreşiň netijelerini berkitmek we oba ýerlerini ösdürmek çäreleri bilen tanyşdy. 2023-nji ýylda döwlet baştutany ýurduň dürli sebitleriniň ýaşaýjylary bilen wirtual duşuşyklar geçirdi.
2024-nji ýylyň fewralynda Si Szinpin Týanszin şäherine baryp, suw joşgunlaryndan zyýan çeken maşgalalar bilen duşuşdy we önümçiligi hem-de girdejileri dikeltmek baradaky ýagdaýlary jikme-jik sorady. Ol ilatyň abadançylygyny üpjün etmegiň HKP-niň MK-nyň we ähli derejedäki häkimiýet edaralarynyň üns merkezinde durýandygyny nygtady.
2025-nji ýylda Si Szinpin Lýaonin welaýatyna barlag saparyny amala aşyrdy. Şenýan şäherinde ol baýramçylyk üçin ätiýaçlyk gorlaryny barlamak maksady bilen Dadun bazaryna bardy. Çagalar oňa süýjüler sowgat berdiler, ol bolsa şeýle jogap berdi: «Süýjüleriňizi kabul edýändigime örän şat. Siz biziň geljegimize bolan umydymyz. Durmuşyňyz şu süýjüler ýaly süýji bolsun».
Soňky saparynyň dowamynda HHR-niň Başlygy halk bilen şahsy duşuşmak däbine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. «Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň adyndan ýurduň ähli milletleriniň halkyna Bahar baýramy mynasybetli gutlaglarymy ýetirýärin. Ýylky ýylynda güýç-kuwwat, saglyk, üstünlik we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin. Ýurdumyzda hemişe parahatçylyk we durnuklylyk höküm sürsün», — diýip, Si Szinpin aýtdy.