
4-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni mynasybetli guralan Halkara ylmy-amaly maslahatynyň dabaraly açylyşy we umumy mejlisi geçirildi.
Forumyň esasy mowzugy Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm ugurlary, ekologiýa meseleleri we howanyň ählumumy üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky hem-de tebigaty goramak babatdaky gazanan üstünliklerine bagyşlanan giň gerimli sergi hem ýaýbaňlandyryldy.
Şu ýylky ekologiýa forumy Türkmenistan bilen birlikde dünýäniň 26 döwletinden jemi 347 wekili birleşdirdi. Aşgabada Russiýa, ABŞ, Hytaý, Türkiýe, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Hindistan we beýleki ýurtlardan 60 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri bolan 130 daşary ýurtly alym, professor, bilermen we aspirant geldi. Ýene-de 217 wekili türkmen ylmy jemgyýetçiliginiň adyndan gatnaşdy.
Maslahata gatnaşyjylar Merkezi Aziýa, Hazarýaka we Aralýaka sebitlerinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň milli kanunçylygy Birleşen Milletler Guramasynyň halkara konwensiýalaryna laýyk getirmek ugrunda işjeň çäreleri durmuşa geçirýändigi bellenildi. Bu bolsa “ýaşyl ykdysadyýetiň” üstünlikli ösdürilmegine ýardam berýär. Amaly ädimleriň hatarynda iri gidrotehniki taslama bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, şeýle hem radiasiýa we himiki howpsuzlygy, ozon gatlagynyň goragyny hem-de tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagy düzgünleşdirýän täze kanunlaryň kabul edilmegi aýratyn nygtaldy.
5-nji iýunda halkara forumyň işi bölümçelerde dowam etdi. Häzirki wagtda alymlaryň we bilermenleriň üns merkezinde tebigaty goramak boýunça amaly çäreler durýar. Gatnaşyjylar dört esasy ugur boýunça iş alyp barýarlar. Onda bioshowpsuzlykda ylmyň orny, tebigatdan peýdalanmakdaky innowasiýalar, suw serişdelerini goramak hem-de üýtgäp duran howa şertlerinde sebitiň biologik köpdürlüligini saklamagyň häzirki zaman usullary ara alnyp maslahatlaşylýar.
ORIENT