Aşgabat bilen Abu-Dabi ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamany taýýarlaýar

Abu-Dabi, 4-nji fewral | ORIENT. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow BAE-niň Wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen «Qasr Al Watan» köşgünde duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar energetika hem-de ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça işleri işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamany taýýarlamagyň maksadalaýyklygy nygtaldy. Bu ulgamlaýyn resminama iki ýurduň işewür gatnaşyklary üçin «ýol görkeziji» bolup hyzmat eder.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan — BAE-niň strategik aktiwlerine gözegçilik edýän dünýä derejesindäki şahsyýetdir. Onuň gepleşiklere gatnaşmagy Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistana Merkezi Aziýada esasy hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny tassyklaýar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamasynyň taýýarlanmagy hyzmatdaşlygyň täze derejesine geçilýändigini görkezýär. Ozal geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň mazmunyndan ugur alyp, bu maksatnamanyň şu ugurlary öz içine almagyna garaşylýar: ulag — Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny BAE-niň logistika merkezleri bilen baglanyşdyrmak; energetika — «ADNOC» kompaniýasynyň gatnaşygyny giňeltmek we «Masdar» bilen «ýaşyl» energetikany ösdürmek; maliýe — bank düzümleriniň we maýa goýum gaznalarynyň bilelikdäki işini işjeňleşdirmek.
Ykdysady meselelerden başga-da, syýasatçylar «sebitleýin gün tertibini» ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatik dilden terjime edilende bu sebitde durnuklylygy üpjün etmek we Owganystany ösdürmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagy aňladýar. Bu ugurda hem Türkmenistan, hem-de BAE möhüm araçylar hökmünde çykyş edýär.
Eger düýn «ADNOC» bilen geçirilen gepleşikler serişdeler barada bolan bolsa, şu gün Şeýh Mansur bilen geçirilen duşuşyk strategiýa bagyşlandy. Türkmenistan bilen BAE gaz, logistika we maýa goýumlar umumy hereketleriň meýilnamasy bilen birleşýän uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy kemala getirýärler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnamasy türkmen-emirlik gatnaşyklaryny islendik geosyýasy üýtgeşmelerden gorap biljek berk binýat bolar.