Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy Türkmenistanyň hususy pudagyny London Tech Week 2026 çäresine gatnaşmaga çagyrýar

London Tehnologiýalar Hepdeligi 2026 (London Tech Week 2026) 2026-njy ýylyň 8–12-nji iýunynda Londonda geçiriler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär.
London Tech Week dünýäniň iň iri tehnologiýa çäreleriniň biri bolup, her ýyl dünýäniň öňdebaryjy innowatorlaryny, işewürlik guramalarynyň, döwlet edaralarynyň wekillerini, pudak hünärmenlerini hem-de syýasatçylary bir ýere jemleýär. Forumyň esasy maksatnamasy Olympia London meýdançasynda geçiriler.
Diplomatik wekilhanada Türkmenistanyň sanly transformasiýa we innowasion ösüşe bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny nazara alyp, şeýle çärelere gatnaşmagyň ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleri üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belleýärler. Hususan-da, emeli aňyň ösüşi, maliýe tehnologiýalary, senagaty döwrebaplaşdyrmak, bilimi sanlylaşdyrmak hem-de önümçilik prosesleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly temalaryň ähmiýeti nygtalýar.
London Tech Week 2026 forumynyň çäginde öňdebaryjy tehnologiýa işläp taýýarlamalary we innowasion çözgütler tanyşdyrylar. Çäräniň maksatnamasy halkara tehnologiýa jemgyýetiniň öňdebaryjy wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek esasy çykyşlary, interaktiw seminarlary we bölümçe maslahatlaşmalaryny öz içine alýar.
Forum hünär taýdan pikir alyşmak, tejribe paýlaşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de startaplardan başlap iri korporasiýalara çenli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy London Tech Week çäresine gatnaşmagyň Türkmenistanyň tehnologiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de innowasion ösüş babatynda milli ileri tutulýan ugurlary goldamaga ýardam edip biljekdigini belleýär.
Goşmaça maglumatlar aşakdaky salgydan elýeterlidir: https://londontechweek.com/