Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Si Szinpin we Urugwaýyň Prezidenti hyzmatdaşlygy giňeltmek barada gepleşik geçirdiler

04.02.2026|20:00|
90
Surat çeşmesi: orient.tm

Hepdäniň sişenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Pekinde Urugwaýyň Prezidenti Ýamandu Orsi bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek we strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada ylalaşdylar.

Si Szinpin iki ýurduň arasynda 38 ýyl mundan öň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri birek-birege hormat goýmak bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolandygyny aýtdy. Ol söwda, maliýe, oba hojalygy, infrastruktura we telekommunikasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa ösüş, sanly ykdysadyýet, emeli intellekt we arassa energiýa ýaly täze ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrdy.

Hytaý Lideri medeniýet, bilim we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhümdigini belläp, Hytaýyň Urugwaýyň “77-ler topary we Hytaý” guramasyna başlyklyk etmegini, şeýle hem sebit guramalarynyň çäklerindäki işjeň gatnaşygyny goldaýandygyny aýtdy.

Si Szinpin şeýle hem Hytaý döwleti Urugwaýyň Latyn Amerikasy we Karib deňziniň döwletleriniň guramasyna (CELAC) we Günorta Amerikanyň umumy bazary (Merkosur) jemgyýetine nobatlaýyn başlyklyk wezipelerini öz üstüne almagyny goldaýandygyny hem-de umumy geljegi bolan Hytaý – Latyn Amerikasy – Karib deňziniň döwletleriniň jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin Urugwaý we beýleki sebit ýurtlary bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Urugwaýyň Prezidenti Ýamandu Orsi häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhy ýokary derejesine ýetendigini aýdyp, Hytaý döwletini Urugwaýyň ykdysady we sosial-durmuş ösüşini goldaýan möhüm hyzmatdaş hökmünde häsiýetlendirdi. Prezident Ýamandu Orsi Urugwaýyň “bir Hytaý” ýörelgesine ygrarlydygyny tassyklap, söwda, maýa goýum, ylym-tehnologiýa we daşky gurşawa zyýansyz ykdysadyýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

Gepleşiklerden soň iki ýurduň liderleri maýa goýum, söwda we beýleki ugurlary öz içine alýan 10-dan gowrak hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekişmeklige şaýat boldular. Şol gün Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Urugwaýyň Prezidenti Ýamandu Orsiniň hormatyna resmi nahar berdi.