Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Hytaýyň Premýeri Pekinde Urugwaýyň Prezidenti bilen duşuşdy

04.02.2026|19:31|
83
Surat çeşmesi: orient.tm

Hepdäniň sişenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Premýeri Li Sian Pekinde Urugwaýyň Prezidenti Ýamandu Orsi bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmeklige ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Li Sian döwlet Baştutanlarynyň strategik ýolbaşçylygy esasynda Hytaýyň özara bähbitlere degişli meselelerde Urugwaýa goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol Hytaýyň aç-açanlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini dowam etdirjekdigini belledi. Premýer Li Sian söwda, ylym we tehnologiýa, senagat innowasiýasy hem-de “ýaşyl ykdysadyýet” ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şeýle hem medeni we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Li Sian ýurtlaryň köp taraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmelidigini, erkin söwdany goldamalydygyny we Ählumumy Günorta ýurtlarynyň umumy bähbitlerini goramalydygyny aýtdy.

Prezident Ýamandu Orsi öz gezeginde Urugwaýyň “bir Hytaý” ýörelgesine ygrarlydygyny tassyklady hem-de ýokary derejeli gatnaşyklary giňeltmäge, “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle hem ol Urugwaýyň Hytaý tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny we köp taraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Prezident Ýamandu Orsi Hytaýa bir hepdelik döwlet saparyna hepdäniň ýekşenbe güni başlady. Ol 2026-njy ýylda Latyn Amerikasyndan Hytaýa döwlet saparyny amala aşyran ilkinji döwlet Baştutany boldy. Mundan ozal Irlandiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Kanadanyň, Finlýandiýanyň we Beýik Britaniýanyň döwlet Baştutanlary Hytaýa öz saparlaryny amala aşyrypdylar.