Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Pekin şäherinde HKP – HGP pikir alyşma forumy geçirildi

04.02.2026|15:00|
64
Surat çeşmesi: orient.tm

Hepdäniň sişenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň Kommunistik partiýasy hem-de Hytaýyň Gomindan partiýasy bilen baglanyşykly ylmy-barlag institutlary tarapyndan bilelikde gurnalan pikir alyşma forumy geçirildi. Bu foruma Taýwan bogazynyň iki tarapyndan gelen 100-den gowrak wekiller gatnaşdylar.

“Bogazara hyzmatdaşlygyň we alyş-çalyşlaryň geljegi” atly forumda syýahatçylyk, senagat, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş meselelerine garaldy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Taýwan işleri boýunça edarasy hem-de Döwlet geňeşiniň Taýwan meseleleri boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Son Tao iki partiýanyň hem bogazara gatnaşyklaryň parahatçylykly ösdürilmegi üçin jogapkärçilik çekýändigini belledi. Ol 1992-nji ýyldaky ylalaşygy goldamaga, Taýwanyň garaşsyzlygyna garşy çykyş etmäge we hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy.

2006-njy ýylda döredilen forum bogazara gepleşikler üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär hem-de poçta, ulag we söwda boýunça göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär.

2016-njy ýyldan bäri Taýwanyň Demokratik ösüş partiýasy 1992-nji ýyldaky ylalaşygy ret edensoň we Hytaýyň materik bölegi bilen alyş-çalyşlary çäklendirensoň, bogazara aragatnaşyklar togtadylypdy.