Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Microsoft-iň girdejisi 81,3 mlrd dollar boldy: Azure bulut hyzmatlary ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolmagynda galýar

04.02.2026|15:30|
81
microsoft-girdejisi-813-mlrd-dollar-boldy-azure-bulut-hyzmatlary-osusin-esasy-hereketlendirijisi-bolmagynda-galyar
Surat çeşmesi: dzen.ru

Microsoft korporasiýasy maliýe ýylynyň ikinji çärýeginiň jemlerini jemläp, esasy maliýe görkezijileriniň täsirli ösüşini görkezdi. Kompaniýanyň girdejisi 17% artyp, 81,3 milliard ABŞ dollaryna ýetdi, arassa girdejisi bolsa 38,46 milliard dollara çenli ýokarlandy. Derňewçileriň çaklamalaryndan ýokary bolan bu görkezijilere garamazdan, bazar bu hasabata seresaplylyk bilen täsir bildirdi.

Kompaniýa üçin esasy girdeji çeşmesi henizem «akylly bulut» (Intelligent Cloud) bölümi bolup durýar. Bu bölümiň girdejisi 29% artdy, Azure hyzmatlaryna bolan isleg bolsa 39% ýokarlandy. Şeýle hem ofis programmalary we sosial ulgamlary öz içine alýan pudak hem durnukly netijeleri görkezdi: Office bukjasyndan gelýän girdeji 16%, LinkedIn hyzmatyndan gelýän girdeji bolsa 11% artdy.

Bulut hyzmatlaryndan tapawutlylykda, şahsy kompýuterler we enjamlaryň pudagy az-owlak pese gaçdy. Windows, Xbox konsollary we Surface enjamlaryny öz içine alýan bölümiň girdejisi 3% azaldy. Aýratyn-da, Xbox oýun mazmunlary we hyzmatlary boýunça girdejiniň 5% peselmegi göze ilýär.

Maýadarlar Azure-iň ösüş depgininiň birneme haýallamagy bilen baglanyşykly alada bildirdiler, bu bolsa goşmaça söwdalarda paýnamalaryň bahasynyň 6,1% peselmegine getirdi. Muňa garamazdan, soňky bir ýylyň dowamynda Microsoft-iň umumy bazar gymmaty 3,57 trillion dollara ýetip, kompaniýanyň dünýäniň iň gymmatly we iň netijeli kärhanalarynyň biri hökmündäki ornuny berkitdi.

ABŞ-da ýolbaşçylygyň hiline görä iň gowy kompaniýalaryň reýtinginde Microsoft Nvidia we Apple-den soň üçünji orny ynamly eýeleýär. Häzirki çärýegde IT-ägirdi häzirki zaman sanly ykdysadyýetiň binýady bolup durýan bulut ulgamlarynyň ösüş depginini saklamagy meýilleşdirýär.

ORIENT