Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistan Merkezi Aziýada Malaýziýa syýahatçylar akymynyň ösüş depgini boýunça öňdebaryjy boldy

04.02.2026|13:20|
39
turkmenistan-merkezi-aziyada-malayziya-syyahatcylar-akymynyn-osus-depgini-boyunca-ondebaryjy-boldy
Surat çeşmesi: orient.tm

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Malaýziýa ugurly syýahatçylar akymynyň ösüş depgini boýunça iň ýokary görkezijileri görkezýär. 2025-nji ýylyň netijelerjne görä, Türkmenistandan Malaýziýa baran syýahatçylaryň sany 42,49% artdy we 10 751 adama ýetdi. Bu sebit boýunça iň ýokary göterim görkezijisi bolup, bu barada Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy sosial ulgamlarda habar berýär.

Syýahatçylyk ugurlaryna bolan gyzyklanmanyň artýan şertlerinde 2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Malaýziýanyň ilçisi Suhaimi TM Travel kompaniýasynyň baş direktory Arslan Haýdarow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda we Malaýziýada syýahatçylyk önümlerini öňe sürmek, şeýle hem işewür hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Aýratyn üns Visit Malaysia Year 2026 başlangyjy bilen baglanyşykly mümkinçiliklere, şol sanda TM Travel kompaniýasynyň malaýziýaly syýahatçylyk operatorlary bilen hyzmatdaşlygyna gönükdirildi. Şeýle-de Malaýziýanyň zyýaratçylarynyň «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň gatnawlary arkaly umra zyýaratyny amala aşyrýan wagty üstaşyr we gysga möhletli saparlary ösdürmegiň mümkinçilikleri hem göz öňünde tutuldy.

Bellenilişi ýaly, syýahatçylar akymynyň oňyn ösüşi Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda syýahatçylyk we ulag arabaglanyşyklarynyň giňelýändigini görkezýär hem-de bu ulgamyň mundan beýläk-de ösmegi üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar.