Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär

31.01.2026|17:25|
26
asgabatda-we-awaza-milli-syyahatcylyk-zolagynda-5g-tehnologiyasynyn-ornasdyrylmagy-meyillesdirilyar
Surat çeşmesi: orient.tm

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler meýilnamasynyň çäginde telekommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça iri taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň dolandyryş we ygtyýarlyk ulgamlaryny giňeltmek, şeýle hem Aşgabat şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bäşinji nesil aragatnaşyk tehnologiýasyny (5G) ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde welaýat we etrap merkezlerini, şäherleri 4G+ standartly aragatnaşyk bilen üpjün etmek, şeýle hem 4G torlarynyň gurşawyny giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Ilatyň we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli guramalaryň internet hyzmatlaryna bolan isleginiň artýandygyny, şeýle hem sanly platformalaryň we elektron hyzmatlaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny nazara alyp, hereket edýän internet infrastrukturasynyň enjamlaýyn tehniki toplumlarynyň kuwwatyny artdyrmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman telekommunikasiýa enjamlaryny ornaşdyrmak we innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.