Türkmen talyplary Buharada geçirilen halkara olimpiadada bäş medal gazandy

24–29-njy ýanwar aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika we himiýa dersleri boýunça abraýly halkara olimpiadasy geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň ýokary okuw ulgamyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary mynasyp wekilçilik etdiler.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň jemleri boýunça uniwersitetiň ýygyndy topary bir altyn, iki kümüş we iki bürünç medal gazandy.
Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakly orun eýeleri:
• Matematika: 1-nji ýyl talyby Kerimguly Bendow altyn medal we I derejeli diplom bilen sylaglandy. 4-nji ýyl talyby Yslam Haýytmuhammedow kümüş medal we II derejeli diploma mynasyp boldy. Iki talyp hem Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň wekilleridir.
• Himiýa: kümüş medaly Himiki tehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň talyby Azim Bahtiýarow gazandy. Bürünç medal eýeleri — şol fakultetiň talyby Abdyrahim Batyrow we Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby Jemşit Talibžonow boldy.
Bu üstünlikler 2026-njy ýylda türkmen ýaşlarynyň gazanan ilkinji parlak ýeňişleriniň biri boldy. Halkara derejedäki bu ýeňişler ýaş nesliň zehinini açmaga we türkmen ýokary okuw mekdepleriniň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ylym we bilim ulgamynda döwlet syýasatynyň netijeliligini tassyklaýar. Ýurtda döredilen şertler talyplara diňe bir ýokary hilli bilim almaga däl, eýsem öňdebaryjy daşary ýurt uniwersitetleriniň wekilleri bilen üstünlikli bäsleşmäge hem mümkinçilik berýär.
Buharadaky ýokary netijeler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze belentliklere çykandygyny we geljekki hünärmenleriň Türkmenistanyň innowasion ösüşine mynasyp goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär.
ORIENT