Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Arkadag şäheriniň standart ösüşinde inženerçilik takyklygy we raýatlaryň pikiri

28.01.2026|00:25|
198
arkadag-saherinin-standart-osusinde-inzenercilik-takyklygy-we-rayatlaryn-pikiri
Surat çeşmesi: orient.tm

Arkadag | ORIENT. Geljegiň şäheri ösüşini dowam etdirip, iri göwrümli binagärlik meýilnamalaryndan şäher gurşawynyň jikme-jik özleşdirilmegine geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda gurluşygyň ikinji ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de akylly şäheriň gözelliginiň aňyrsynda berk inženerçilik hasaplamasynyň durmalydygyny nygtady.

Uzak möhletleýin infrastruktura: Aýratyn üns ýol-ulag düzümine berildi. Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlap, Halk Maslahatynyň Başlygy ýol-ulag düzümine degişli desgalar merkezi şaýollaryň ugrunda bina edilende, olaryň üstünden ýük awtoulaglarynyň geçip bilmegi bilen bagly meseleler göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şeýle hem köpriniň üstünden şäheriniň nurana binalarynyň seleňläp görünýändigini nazara alanyňda, şäher bilen ýoluň özara arabaglanyşygynda bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigi barada nygtaldy.

Täze iş orunlarynyň döredilmegi we sanly ulgamyň amatlylygy:Gurluşygyň ikinji tapgyry – bu önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragyny öz içine alýar, olaryň hatarynda umumybilim mekdepler, çagalar baglary hem-de 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary bar. Emma Arkadag şäheriniň gurluşygy diňe bir ýaşaýyş jaýlary bilen çäklenmeýär, bu ýer täze iş orunlarynyň hem döredilýän şäheridir. Şäheriň içinde senagat zolaklarynyň döredilmegi ilatyň göni ýaşaýan ýerinde iş bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berer.

Möhüm täzelikleriň biri jemgyýetçilik pikirini nazara almak baradaky çagyryş boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri geljekki binalaryň taslamalary düzülende raýatlaryň pikir-garaýyşlaryna daýanmagy maslahat berdi: ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler, olaryň otaglarynyň reňk sazlaşygy, yşyklandyrylyşy.

Sanlylaşdyrma we tertip-düzgün: Arkadag şäherindäki sanly ulgamlaryň diňe innowasion däl-de, eýsem ulanyjy üçin amatly bolmagy zerurdyr. Lukmançylykda we bilim ulgamynda tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasy ölçegi — her bir ýaşaýjy üçin hyzmatlaryň elýeterli bolmagydyr.

Sapar iş maslahaty bilen tamamlandy. Onuň dowamynda işleriň ýerine ýetiriliş tertibi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow soňky wagtda häkimlik tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady.