27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz bin Muhammed Al-Horr bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda Ilçi, Türkmenistanda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Bedew Batly At-Myradyň Mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy hem-de Watanmyzyň Garaşsyzlygynyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çäreler we ylmy maslahatlar barada belledi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasyndaky ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň hem-de täze maksatnamalaryň üssünde işlemegiň ýollary barada maslahatlaşyldy.

ORIENT
