Aşgabat, 26-njy ýanwar | ORIENT. Diplomatiýada protokolyň ýöne bir düzgünnama bolmaklygynda galyp, janly we göni dostlukly dialoga öwrülýän pursatlary bolýar. Hindistan Respublikasynyň Güni mynasybetli «Ýyldyz» myhmanhanasyndaky kabul edişlik hut şeýle waka boldy — bu ýerde döwletara gatnaşyklar baradaky resmi sözlemleriň aňyrsynda medeniýetleriň we halklaryň ruhy ýakynlygy, olaryň biri-birine bolan tüýs ýürekden gyzyklanmasy aýdyň göründi.

Eýýäm girelgede göze ilýän ilkinji zat — bu dürli reňkli pannolarda, plakatlarda we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde öz beýanyny tapan aýdyň wizual görnüşlerdir. Hindistan üýtgeşik bir zehine eýedir: onuň medeniýeti diňe bir görkezilmek üçin sergilenmeýär, eýsem, oňa galtaşýan her bir ynsanyň kalbynda “orun alýar”. Kabul edişlikdäki myhmanlarynyň arasynda ýüpek sarilerde diňe bir hindistanly zenanlar däl, eýsem biziň ildeşlerimiz hem nur saçyp durdular.

Hindistanda bolup gören türkmen zenanlary üçin şeýle kabul edişlikde sari geýmek — bu diňe bir dress-koda eýermek däl. Bu çuňňur hormatyň alamaty, matalary öz filosofiýasy ýaly nepis bolan ýurda bolan söýginiň şahsy taryhydyr. Resmi lybasly ilçiler we nagyşly palla (sariniň uçlary) geýnen zenanlar bir zalda duşanlarynda, «özüňki» we «özgäňki» diýen araçäkler aýrylýar. Ilçiniň kabul edişlikde öz çykyşynda belläp geçişi ýaly, bu hut şol «Wasudhaýwa Kutumbakam» — bütin dünýä bir maşgala filosofiýasydyr.

Hindistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bandaru Wilsonbabunyň we wise-premýer Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň çykyşlary agşamyň many-mazmunynyň esasyny düzdi. Eger aýdylanlary umumylaşdyrsak, çärede esasy tema hökmünde gatnaşyklaryň «adaty dostlukdan» «tehnologik bileleşige» geçýändigi bellenilip geçildi.
Hindistanyň ilçisi öz ýurdunyň garaýşyny beýan etdi, ýagny ýurt parahatçylygyň tarapynda berk durýar, ýöne gymmatlyklaryny goramaga taýýar. Onuň «giňeldilen goňşuçylyk» we «sanly jemgyýetçilik infrastrukturasyny» agzap geçmegi, Hindistanyň Türkmenistan bilen XXI asyryň iň uly baýlygy — tehnologiýalar bilen paýlaşmaga taýýardygyny görkezýän gönüden-göni yşaratdyr.

«Hindistan Türkmenistany ýakyn dosty we hyzmatdaşy hasaplaýar, olary köp asyrlyk dostluk we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ösýän döwlet hökmünde we özüniň «giňeldilen goňşuçylyk» syýasatyna laýyklykda, Hindistan Türkmenistan bilen ösüş babatyndaky tejribeleri we bilimleri bilen paýlaşmagyny, esasanam goranyş we howpsuzlyk, nebit we gaz, himiýa senagaty we mineral dökünler, saglygy goraýyş we derman senagaty, sanly jemgyýetçilik infrastrukturasyny, mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly ugurlarda dowam etdirer» — diýip, Bandaru Wilsonbabu aýtdy.

Raşid Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gutlaglary beýan edip, medeni-siwilizasiýa ýakynlygyna aýratyn üns çekdi. Şeýle hem, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) formatyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Bu energetika baglanşygynyň durnuklylygyň we energiýa serişdelerini ugratmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň açarydygy bellenildi.
Ynsanperwer dowamatlylyk hem esasy ugurlaryň biri boldy: 2024-nji ýylda Aşgabatda Rabindranat Tagoryň ýadygärliginiň oturdylmagy halklarymyzy diňe bir geografiki taýdan däl, eýsem ruhy taýdan hem umumylygyň birleşdirýändigini tassyklady.

Şeýle hem bilim pudagynda, hususan-da, Hindistanyň tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) we Hindistanyň medeni gatnaşyklar boýunça geňeşiniň (ICCR) berýän talyp haklarynyň çäginde işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

«Ýurtlarymyz özara söwdanyň we maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, şeýle hem dürli pudaklarda, şol sanda ulag we energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty, şonuň ýaly-da beýleki birnäçe ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik mümkinçiliklere eýedirler» — diýip, Raşid Meredow belledi.

Kabul edişligiň medeni maksatnamasy Hindistanyň «durmuşa bolan söýgüsiniň» aýdyň mysaly boldy. Ýoga boýunça görkezme çykyşlary myhmanlara deňagramlylygy we durnuklylygy ýatlatdy — bu häsiýetler hem uly syýasatda, hem adaty durmuşda zerurdyr. Elleriň her bir hereketi gizlin habary aňladýan joşgunly tanslar bolsa, tutuş zalyň şowhun bilen dolmagyna getirdi.

Hindistanyň tagamlaryndan dadylmagy bilen, işewürlik salamlaşygyndan başlanan agşam doganlyk duýgusy bilen tamamlandy.
Hindistan bilen Türkmenistan şu günki günde gadymy geçmişlerinden sanly geljege köpri gurýarlar, bu ýerde durnuklylygyň diňe maliýe ýagdaýy bilen däl, eýsem aň-paýhas bilen hem üpjün edilýändigi, dostluk bolsa diňe bir gol çekişmeler bilen däl, eýsem umumy gymmatlyklar bilen hem berkidilýändigi aýdylýar.

