Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady ösüşe, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýurduň halkara arenasyndaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty yzygiderli amala aşyrylýar. Bu işde strategiki meýilnamalaşdyrylyşa, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we maliýe institutlaryny kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, maliýe-ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine we halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berýärler. Munuň bilen baglylykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasy» hem-de milli ykdysadyýeti toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen beýleki döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Oýlanyşykly daşary ykdysady syýasat ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň we dünýä ykdysady proseslerine işjeň gatnaşmagynyň möhüm düzüm bölegidir. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär, halkara söwdanyň, maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygyň möçberlerini artdyrýar. Bu bolsa öz gezeginde ygtybarly maliýe institutlarynyň we daşary ykdysady işi goldaýan häzirki zaman gurallarynyň döredilmegini talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilmegi ýurdumyzyň milli maliýe-ykdysady ulgamynyň kemala gelmegindäki möhüm tapgyrlarynyň biri boldy. 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda döredilen bank bazar gurallarynyň ornaşdyrylmagynda, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde we Türkmenistanyň halkara maliýe-bank ulgamyna goşulyşmagynda uly ähmiýete eýe boldy. Bankyň döredilmegi maýa goýum syýasatynyň ösüşine güýçli itergi berdi hem-de ykdysadyýetiň strategiki pudaklary üçin ygtybarly maliýe binýady boldy.
Öz işiniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara maliýe gatnaşyklaryny ösdürmekde, iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde, dolanyşyk serişdelerini üpjün etmekde hem-de ilat we telekeçilik üçin bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmekde baý tejribe toplady. Döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri yzygiderli ýerine ýetirip, bank daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.
Halkara hyzmatdaşlyk we maliýe gatnaşyklary
Bankyň müşderi binýadynyň esasy bölegini milli ykdysadyýetiň strategiki pudaklarynyň döwlet edaralary, maliýe guramalary we hususy kärhanalar düzýär. Soňky ýyllarda Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň öňdebaryjy maliýe institutlary, hususan-da Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri we Saud Arabystany Patyşalygy bilen hyzmatdaşlyk has işjeň häsiýete eýe boldy.
Häzirki wagtda bank dünýäniň 20-ä golaý ýurdunyň 50-den gowrak banklary we maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär hem-de hyzmatdaşlygyň geografik çägini ýylsaýyn giňeldýär. Bu müşderileriň tabşyryklary boýunça halkara hasaplaşyklary we tölegleri çalt we ygtybarly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Bank halkara maliýe guramalary we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Bank 1994-nji ýyldan bäri Yslam ösüş bankynyň agzasy bolup, şeýle hem Yslam ösüş banky toparyna girýän guramalaryň — Hususy pudagy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasynyň, Maýa goýumlaryny we eksport karzlaryny ätiýaçlandyrmak boýunça Yslam korporasiýasynyň we Söwda maliýeleşdirmesi boýunça Halkara Yslam korporasiýasynyň agzasydyr. Bu hyzmatdaşlyklar ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeldýär we onuň dünýä maliýe bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar.
Strategiki pudaklary we iri taslamalary maliýeleşdirmek
Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi ulag-aragatnaşyk, energetika, senagat, söwda, oba hojalygy, gurluşyk we hyzmatlar ulgamlaryndaky önümçilik görkezijileriniň artmagynda öz beýanyny tapýar. Bu işde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky daşary ýurt maýa goýumlarynyň maliýe taýdan utgaşdyryjysy hökmünde möhüm orun eýeleýär.
Bank Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Hytaýyň we Günorta Koreýanyň Eksimbanklary, Germaniýanyň, Italiýanyň we Şweýsariýanyň eksport-karz edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu gurallar ykdysadyýetiň strategiki taýdan möhüm pudaklarynda taslamalary maliýeleşdirmegiň esasy çeşmelerine öwrüldi.
Bankyň gatnaşmagynda Gýýanlyda polipropilen we polietilen öndürýän zawod, Garabogazda karbamid zawody, Owadandepede gazy gaýtadan işleýän toplumy, şeýle hem Mary welaýatyndaky önümçilik desgalary ýaly iri infrastruktura we senagat taslamalary amala aşyryldy. Bu taslamalar ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ep-esli derejede güýçlendirdi.
Döwrebaplaşdyrma we durmuş infrastrukturasyna goldaw
Bank halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde Ýewropa önümçiligi bolan oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagyny, energetika ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini maliýeleşdirdi.
Durmuş taýdan ähmiýetli desgalary maliýeleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Geçen ýylda Yslam ösüş bankynyň we Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasynyň goldawy bilen Maryda, Balkanabatda we Türkmenabatda onkologik merkezleriň gurluşygy boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Şeýle hem geçen ýylyň noýabr aýynda Hökümetiň adyndan Aziýa Ösüş Banky bilen Aşgabatda orta lukmançylyk okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça ylalaşyk baglaşyldy.
Bank döwlet maksatnamalarynyň möhüm bölegi bolan halkara taslamalaryň, şol sanda «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň ýurduň çägindäki gurluşygynyň maliýeleşdirilmegine hem gatnaşýar.
Sanlylaşdyrma we nagt däl hasaplaşyklaryň ösüşi
Bankyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri nagt däl hasaplaşyklary giňeltmek we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakdyr. VISA halkara töleg ulgamy bilen hyzmatdaşlykda milli we wirtual kartlar, internet-banking, onlaýn karz bermek we elektron söwda hyzmatlary ornaşdyryldy.
Sanly taslamalaryň arasynda «Galkynyş» töleg ulgamynyň işe girizilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ulgam fiziki we ýuridiki şahslara tölegleri amala aşyrmakdan başlap hasaplary dolandyrmaga, goýumlary, karzlary we kartlary resmileşdirmäge çenli giň gerimli uzak aralyk bank hyzmatlaryny hödürleýär. Bu çözgütler bank hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem içerki prosesleri awtomatlaşdyrmaga ýardam edýär.
Halkara reýtingler we maliýe durnuklylygy
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzyň halkara maliýe abraýyny pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. 2025-nji ýylyň iýun aýynda Fitch Ratings bankyň uzak möhletli emitentiň defolt reýtingini «BB-» derejesinde, «Durnukly» çaklama bilen kesgitledi. Bu bankyň milli we daşary ýurt walýutalaryndaky borçnamalaryny wagtynda ýerine ýetirmäge ukyplydygyny tassyklaýar.
Fitch agentligi bankyň işini yzygiderli seljerýär we onuň reýtinglerini hem-de analitiki hasabatlaryny täzeläp durýar. 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Fitch bankyň 2024-nji ýyl üçin auditden geçirilen maliýe hasabatynyň maglumatlaryna esaslanyp, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky boýunça hasabaty täzeledi. Hasabatda bankyň reýtinginiň Türkmenistanyň uzak möhletli RDE reýtingi («BB-» / «Durnukly») derejesinde saklanýandygy tassyklanylýar. Agentligiň derňewçileri Fitch usulyýeti boýunça bankyň maýasynyň derejesiniň 59%-e ýetendigini belläp, bu onuň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny görkezýär.
