2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde 100-e golaý kompaniýanyň we assosiasiýanyň gatnaşmagynda türk eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministri Ömer Bolatyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sergi türk kompaniýalaryna Türkmenistanyň bazarynda öz önümlerini hödürlemek, şeýle hem işewürlik mümkinçiliklerini giňeltmek üçin meýdança döretmegi maksat edinýär.
Ähli türkmen kompaniýalary ýokary hilli türk önümleri bilen tanyşmak we türk brendleri bilen hyzmatdaşlygyň geljegine baha bermek maksady bilen bu çärä gatnaşmaga çagyrylýar.
Türkiýäniň Söwda ministri Ömer Bolatyň Türkmenistana saparynyň dowamynda birnäçe ýokary derejeli duşuşyklaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.
