Finlandiýanyň Premýer-ministri Petteri Orponyň Hytaý Halk Respublikasyna resmi sapary iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar. Pekinde geçirilen ýokary derejeli işewürlik maslahatyna 120-den gowrak kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşyp, birnäçe täze hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekildi.
Saparyň çäklerinde Petteri Orpo Hytaýyň Söwda ministri Wan Wentao bilen bilelikde Hytaý – Finlandiýa Innowasion Işewürlik Hyzmatdaşlygy boýunça toparyň altynjy mejlisine gatnaşdy. Bu çäre iki ýurduň işewür toparlaryny bir ýere jemläp, täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna şert döretdi.
Petteri Orpo öz çykyşynda Hytaý bazarynyň Finlandiýanyň kompaniýalary üçin möhüm daşary ýurt bazarydygyny belläp, hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Şeýle hem, düzgünlere esaslanýan halkara söwda ulgamynyň zerurdygyny nygtady.
Hytaýyň Söwda ministri Wang Wentao Hytaý döwletiniň Finlandiýa bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny belläp, iki ýurduň mümkinçilikleriniň ykdysadyýet, emeli intellekt, maglumatlar tehnologiýalary we innowasiýa ýaly ugurlarda biri-birini goldaýandyklaryny aýtdy. Şeýle hem, köptaraplaýyn söwda ulgamyny goramak ugrunda Hytaý döwleti Finlandiýa bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny mälim etdi.
Statistik maglumatlara görä, geçen ýyl Hytaý bilen Finlandiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 8 milliard ABŞ dollaryndan geçdi, özara maýa goýumlaryň jemi bolsa 23 milliard ABŞ dollaryndan ýokary boldy. Pekinde geçirilen duşuşyk bu hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine bolan syýasy we ykdysady ygrarlylygyň aýdyň subutnamasy boldy.
Mejlisde birnäçe iri kompaniýalar täze hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny beýan etdi. Finlandiýanyň Peikko Group kompaniýasy Hytaý Binagärlik Taslama we Ylmy-Barlag Topary bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi. “CMOC Group Limited” kompaniýasy ýüz millionlarça ýuana barabar bolup biljek täze ylalaşyklar boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Valmet Automotive kompaniýasy bolsa elektromobil önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.
Hytaýyň Söwda ministri hem Finlandiýa bilen söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, iki ýurduň işewür toparlaryna zerur bolan goldawlary we hyzmatlary üpjün etmäge taýýardygyny beýan etdi.