Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Pekin ýokary tehnologiýaly pudaklara 1.5 mlrd ýuandan gowrak maýa goýar

26.01.2026|22:00|
120
Surat çeşmesi: orient.tm

Pekin 2026-njy ýylda ýokary tehnologiýaly we öňdebaryjy senagat pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek maksady bilen birinji tapgyrda 1 milliard 500 million ýuandan (ýagny 220 million ABŞ dollaryndan) gowrak möçberde maýa goýumlaryny goýmagy meýilleşdirýär.

Hepdäniň penşenbe güni Pekiniň Ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary boýunça edarasy tarapyndan geçirilen metbugat maslahatynda ýokary tehnologiýaly senagaty ösdürmek we kiçi hem-de orta kärhanalaryň ösüşini goldamak boýunça ilkinji tapgyrdaky maliýe serişdeleri hem-de degişli görkezmeleri kabul edilendigi habar berildi. Bu çäreler 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk maksatnama boýunça uzak möhletli senagaty ösdüriş maksatlaryna laýyklykda innowasiýany höweslendirmäge, tehnologiýalaryň telekeçilik maksatly ulanylmagyny tizleşdirmäge, hil we netijeliligi ýokarlandyrmaga gönükdiriler.

1 milliard 500 million ýuandan gowrak maýa serişdeleri integrirlenen mikroshemalar, biolukmançylyk, täze materiallar, energetika, maglumatlar boýunça programma üpjünçiligi we sanly ykdysadyýet ýaly 10-dan gowrak ileri tutulýan pudaklary ösdürmäge gönükdiriler.

Şäher häkimiýeti robot önümçiligi, mikroshemalar we täze materiallar ýaly ugurlarda täze önümleri synagdan geçirmek üçin şertleri döredip, robot tehnologiýalarynyň zawodlarda, söwda nokatlarynda, logistika ulgamynda we oba hojalygynda ulanylmagyna maliýe goldawyny berer.

Şeýle hem, Pekin 15-nji bäşýyllyk maksatnamanyň dowamynda ekologiýa taýdan arassa ykdysady ösdürmek boýunça dünýä derejesinde nusgalyk şäherleriň birine öwrülmegi maksat edinýändir. Bu ugurda wodorod energiýasy, täze energiýa saklaýyş ulgamlary, ýel we gün energiýasy, döwrebap elektrik torlary ýaly daşky gurşawa zyýansyz energiýa tehnologiýalaryna aýratyn üns berler. Öňde goýlan maksat – 2030-njy ýyla çenli senagat önümçiliginiň möçberini 1 trillion ýuandan geçirmekdir.

Mundan başga-da, şäher geljekki senagat ugurlaryna aýratyn ähmiýet berip, irki tapgyrdaky geljegi uly kompaniýalary ösdürmek boýunça täze maksatnamany durmuşa geçirer. Bu maksatnama innowasion we ýokary ösüş mümkinçilikleri bolan taslamalara 10 million ýuana çenli başlangyç maliýe goldawyny bermekligi göz öňünde tutýandyr.