2025-nji ýylda Hytaýda bellenilen ölçeglerden ýokary kärhanalaryň kömür önümçiligi 4 milliard 830 million tonna ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1.2 göterim artdy we täze taryhy rekord derejäni görkezdi. Bu barada Hytaýyň Milli Kömür Birleşigi habar berdi.
Ýylyň dowamynda kömür öndürilişiniň yzygiderli ösüşi, ýurduň energetika howpsuzlygyny we energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm goldaw boldy.
Dört sany esasy kömür öndüriji welaýat – Şansi, Şensi, Içki Mongoliýa we Sinszýan welaýatlary ýurt möçberinde kömür öndürilişiniň 82 göterimine golaýyny üpjün etdi. Bu welaýatlardan iberilýän kömür ýükleri beýleki welaýatara daşamalaryň 95 göteriminden gowragyny düzüp, ýurt boýunça kömür üpjünçiliginde möhüm rol oýnady.
Gyş möwsüminiň başlanmagy bilen energiýanyň ýyladyş maksatly sarp edilişiniň artmagy sebäpli kömüre bolan isleg ýokarlandy. Möwsümleýin islegiň ýokarlanmagyna laýyklykda, ýurduň demir ýol edaralary ýük daşamalaryň meýilleşdirilişini we dolandyrylyşyny kämilleşdirip, islegleriň ýokary bolýan döwründe kömür daşamaklygyň üznüksizligini üpjün etdiler.
Hytaýyň Milli Kömür Birleşiginiň wise-prezidenti Çžan Hun, 2025-nji ýylyň dekabrynda kömür öndürilişi 440 million tonna ýetip, ortaça gündelik öndüriliş 14 million 100 müň tonna boldy. Bu bolsa taryhy ýokary görkeziji bolup, ammarlardaky gorlar hem ýokary möçberde saklandy.
Bellenilen ölçeglerden ýokary kärhanalar – ýyllyk esasy iş dolanyşygy 20 million ýuandan (2 million 870 müň ABŞ dollaryndan) ýokary bolan kärhanalary öz içine alýandyr.