Las-Wegasdaky meşhur futuristik arena — Sphere — öz ulgamyny giňeldýär. Sphere Entertainment kompaniýasy ABŞ-nyň Gündogar kenarynda ýerleşýän National Harbor syýahatçylyk toplumynda täze meýdança gurmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Asyl nusgadan tapawutlylykda, bu arena has ykjam bolar we 20 müň däl-de, 6 müň tomaşaçyny kabul edip biler.
Has kiçi möçberine garamazdan, myhmanlar Las-Wegasdaky ýaly özboluşly tehnologiýalardan peýdalanyp bilerler. Içinde 16K çözgütli ägirt uly ekran, onlarça müň dinamikden ybarat güýçli audioulgam hem-de taktil (duýgur) oturgyçlar gurnalar. Bu bolsa doly “gatnaşyk täsiri” bilen konsertleri we kino görkezilişlerini geçirmäge mümkinçilik berer.

Gyzykly tarapy, taslama maliýe kynçylyklaryna garamazdan giňeldilýär. Ilkinji “Sphere” 2,3 milliard dollar töweregi çykdajy bilen gurlupdy we onuň ýyllyk girdejisi häzirlikçe çykdajylary doly ödänok. Şeýle-de bolsa, kompaniýa global gurşawy giňeltmäge bil baglaýar. Merilend ştatyndaky meýdançadan başga-da, Abu-Dabide beýikligi 111 metr bolan doly möçberli “Sphere”-iň gurluşygy meýilleşdirilýär.
Dynç alyş we tomaşa pudagy üçin bu — immersiw şowhunlar döwrüniň başlanýandygyny aňladýar. Maýadarlar we syýahatçylar “janly kinoteatr” düşünjesiniň dünýä derejesinde girdejili bolup-bolmajakdygyny üns bilen synlaýarlar.
ORIENT
